Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýuwenal ýustisiýasyny reformirlemekçi


Adalat ministrliginde, 2011-nji ýyl.
Adalat ministrliginde, 2011-nji ýyl.
Türkmenistanda ýuwenal ýustisiýany, ýagny ýaşlara degişli adalat sistemasyny ösdürmek we reformirlemek boýunça baş programma kabul edildi.

Resmi maglumatlarda Türkmenistanyň bu milli programmanyň taslamasyny BMG-niň ÝUNISEF Çagalar fondy bilen bilelikde işläp düzenligi aýdylýar. Bu işe Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň, kanuny goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşanlygy habar berilýär.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan “Ýaşlara degişli adalat sistemasyny ösdürmek boýunça programma” uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu programmanyň “ýurtda sud işleriniň alnyp barlyşyny kämilleşdirmek üçin wajypdygyny” belledi.

BMG-niň ÝUNISEF Çagalar fondy programmanyň Türkmenistanda 18 ýaşyna ýetmedik çagalaryň bikanun hereketlere baş goşmagynyň öňüni almaga ýardam berjegine garaşýar we onuň Türkmenistan tarapyndan kabul edilmegini gowy garşylaýar.

BMG-niň resmi radiostansiýasynyň maglumatynda Türkmenistanyň kabul eden programmasy “Milli kanunlaryň we syýasatyň, ýaşlara degişli adalat sistemasynyň halkara kadalaryna laýyk getirilmegini, çagalaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegini” göz öňünde tutýar diýlip bellenýär.

ÝUNISEF kanuny bozan ýaşlaryň ejizligi sebäpli olara aýratyn garaşygyň talap edilýänligini hem belleýär. Gurama “Kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlara olaryň hukugynyň dikeldilmegi we jemgyýete dolanyp gelmegi esasynda çemeleşmeli, olaryň suddan öň we suddan soň tussag edilmegi diňe berk çäre hökmünde ulanylmaly” diýip nygtaýar.

Näme üýtgedi?

1-nji iýunda Halkara çagalar güni “Ýaşlara degişli adalat sistemasyny ösdürmek boýunça baş programmany” kabul eden Türkmenistanda bikanun hereket eden kämillik ýaşyna ýetmedikleriň şu çaka çenli haýsy kanunlar esasynda jogapkärçilige çekilenligi we täze programmanyň çäginde milli kanunlara nähili üýtgetmeleriň girizilenligi ýa indi giriziljegi resmi maglumatlarda aýdylmady.

Dünýä tejribelerinde jenaýatçylyga baş goşan ýaşlar babatynda aýratyn kanunlary işläp düzmek meselesine ilkinji gezek 19-njy asyryň aýagynda köpçülikleýin üns berlip başlanypdy. 20-nji asyryň başynda ýaşlara degişli ýustisiýa dünýäniň birnäçe günbatar ýurtlarynda kanunlaşdyryldy.

Şu günki gün BMG-niň birnäçe dokumentlerinde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň kanunyň öňünde jogapkärçilige çekilmegine degişli düzgünler kesgitlenýär.

Türkmenistan ýurtda çagalaryň abadançylygyna we ýaş nesliň terbiýelenmegine uly ähmiýet berýänligini aýdýar. BMG-niň esasy kanunlarynyň ençemesine, şol sanda “Çaganyň hukuklary” baradaky konwensiýasyna gol çeken Türkmenistan halkara borçlaryny “gyşarnyksyz ýerine ýetirýänligini” resmi taýdan yglan edýär.

Şol bir wagtda-da ýurtda jenaýat işine çekilýänleriň, türme tussaglygyna höküm edilýänleriň, şol sanda olaryň arasynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sany resmi maglumatlarda agzalmaýar.
XS
SM
MD
LG