Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk kompaniýasyna türkmen suduna ýüzlenmek maslahat berildi


Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 600-den gowrak türk kompaniýalary işleýär.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 600-den gowrak türk kompaniýalary işleýär.
Bütindünýä bankynyň ýanyndaky Maýa dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkezi Türkiýäniň “Kylyç Inşaat” gurluşyk kompaniýasynyň türkmen hökümetiniň üstünden şikaýaty bilen bagly agzalýan merkeze 2009-njy ýylyň ahyrynda tabşyran dawasy barada deslapky operatiw kararyny ýaýratdy. Onda bu kompaniýanyň öz şikaýaty bilen halkara merkezine ýüzlenmezden öň Türkmenistanyň sud edaralaryna ýüz tutmalydygy aýdylýar.

Emma “Kylyç Inşaat” kompaniýasynyň başlygy Mahmyt Kylyç öz nägilelikleri barada Türkmenistanyň sud edaralaryna ýazan arzalaryna hiç bir jogap alyp bilmändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy. Ol Maýa dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkeziniň özlerine, eger iki tarap hem islese, sudy Türkmenistanda dowam etdirip bilersiňiz diýendigini habar berýär.

“Türkmenistanyň islegi boýunça sud bize, eger iki tarap hem islese, onda sudy Türkmenistanda dowam etdirip bilersiňiz diýen teklip etdi” diýip, Kylyç aýdýar. “Bizem ol ýerden janymyzy zordan halas etdik. 11 adamymyz Türkmenistanda galdy. Bizi 1,5 ýyllap Türkmenistandan çykarmadylar, türmä basdylar diýdik. Biziň Türkmenistanda suda gatnaşmak-ha däl, ol ýere gitmegimiziň hem mümkin däldigini aýtdyk. Türkmenistanda sud diýen zat ýok ahyry”.

Geçen ýyllarda Türkmenistanda iş alyp baran türk gurluşyk kompaniýalarynyň başga-da üçüsi– “Içkale Inşaat”, “Adem Dogan” we " Sehil Inşaat” gurluşyk kompaniýalary türkmen hökümetiniň üstünden şikaýat edip, halkara arbitraž sudlaryna ýüz tutupdylar.

Türkiýäniň metbugaty Türkmenistanda işlän türk kompaniýalarynyň bir bölegine tamamlanan proýektler üçin 1 milliard dollar töwereginde iş hakynyň tölenmändigini ýazypdy. Emma Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň iýun aýyndaky çykyşynda Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň bitiren işleri üçin tölegiň öz wagtynda we yzygiderli edilip gelnendigini nygtady.

“Biz dünýäde ykdysady çökgünlik ýyllarynda hem türkiýeli hyzmatdaşlarymyz tarapyndan ýurdumyzda ýerine ýetirilýän ähli işler üçin tölegleri öz wagtynda we yzygiderli töläp geldik” diýip, şonda prezident Berdimuhamedow aýtdy. “Bu tölenen serişdeler bolsa türkiýeli dostlarymyza ykdysady kynçylyklary ýeňip geçmekde belli bir derejede hemaýat bolandyr diýip pikir edýärin”.

Moskwada ýaşaýan türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, daşary ýurt kompaniýalary bilen baglaşylýan islendik ylalaşykda suda ýüzlenmek barada ýörite bölüm bolýar we onda ähli düzgün ýazylýar: “Şonda nägilelikleriň sud prosesine çenli nähili bildirilişi barada jikme-jik ýazylýar. Ikinjiden, dokumentde eger partnýorlaryň arasynda dawa ýüze çyksa, oňa haýsy sudda garalmalydygy barada hem aýdylýar”.

Greçuhiniň pikirçe, eger bir kompaniýa Türkmenistanyň içinde bolman, halkara suduna ýüzlenmekçi bolsa, onda Türkmenistandaky bir ýurist ýa-da ýuridiki edara bilen ylalaşyk baglaşyp bilýär: “Düzgüne görä, kompaniýa Türkmenistandaky ýurist ýa-da ýuridiki edara bilen ylalaşyga gol goýup we oňa degişli ynanç hatyny berip bilýär. Netijede, Türkmenistanyň raýaty öz ýurdunyň çäginde bu kompaniýanyň bähbidini gorap bilýär”.

Maýa dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkezi Türkiýäniň “Kylyç Inşaat” gurluşyk kompaniýasynyň türkmen hökümetiniň üstünden eden şikaýaty barada häzirlikçe gutarnykly karara gelmedi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 600-den gowrak türk kompaniýalary işleýär we olar bahasy 20 milliarddan gowrak amerikan dollaryna deň bolan işleri amala aşyrýarlar.
XS
SM
MD
LG