Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazaryň ekologiýa aladalary Rio+20 forumynda


Hazaryň türkmen kenarynda, 2011-nji ýyl.
Hazaryň türkmen kenarynda, 2011-nji ýyl.
Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän halkara konferensiýa gatnaşmak üçin Braziliýa sapara bardy. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gurnalan we durnukly ösüş meselesine bagyşlanylyp geçirilýän bu konferensiýada Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşky gurşawyň howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen inisiatiwalary, şol sanda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak barada gürrüň eder diýip, resmi metbugat ýazýar.

Türkmenistan Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça halkara forumlarda dürli inisiatiwalar bilen çykyş edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň 66-njy sessiýasynda eden çykyşynda hem Hazaryň daşky gurşawyny goramak boýunça Aşgabatda halkara forumy gurnamagy teklip etdi.

Hazaryň daşky gurşawy barada gürrüň edilende deňizdäki janly-jandarlara hem uly howp abanýandygy aýdylýar. Şol sanda deňze nebitiň syzýandygy üçin ondaky düwlen ýaly haýwanlaryň hem ölýändigi barada habarlar bar. Nebitiň hapalarynyň täsiri bilen bir hatarda deňizdäki käbir jandarlaryň, şol sanda bekre balygynyň howp astyndadygyny aýdýanlar hem bar.

“Çünki Hazar deňzi ähli tarapdan nebit burawlary bilen gurşalan. Şeýle-de deňziň ýalpaklarynda hem nebit bar” diýip, Azerbaýjandan garaşsyz bilermen Azer Hasrat aýdýar. “Hut şonuň üçin-de nebit senagaty Hazaryň daşky gurşawyna zyýanly täsir edýär. Şonuň ýaly-da, Baku ýaly iri şäherleriň zibilleriniň Hazara taşlanmagy hem deňziň daşky gurşawyny hapalaýar”.

Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, olara esasanam balyklaryň bikanun awlanmagy howp salýar. Onuň pikiriçe, Hazar deňzinden belli bir derejede bölünip aýrylan, deňziň guýýan Garabogaz aýlagynda hem daşky gurşaw meselesi bar.

“Ýerli halk ony Ajy derýa diýip atlandyrýar. SSSR döwründe edilen akylsyz iş netijesinde Hazardan Garabogaz kölüne akýan suw juda azaldyldy” diýip, Bugaýew aýdýar. “Bu bolsa, köldäki tebigy minerallaryň daşa öwrülmegine sebäp boldy. Ine, şu işleri täzeden dikeltmek üçinem türkmen hökümeti uly barlag işlerini alyp barmaly”.

Nähili işler alnyp barylýar?

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna, daşky gurşawy goramak barada halkara Kýoto protokolyna 1998-nji ýylda goşuldy. Türkmenistanyň şular ýaly halkara ylalaşyklara goşulmagy we bu mesele boýunça ýurtda regional, halkara konferensiýalaryň yzygiderli gurnalmagy onuň daşky gurşawy goramak boýunça köp iş edýändigini görkezýär diýip, resmi metbugat ýazýar.

Emma Türkmenistan Birleşen Ştatlaryň Ýel hem Kolumbiýa uniwersitetleriniň Dünýa ykdysady forumy bilen bilelikde şu ýyl taýýarlan “Daşky gurşawy goramak boýunça” hasabatynda ekologiýasy iň ýaramaz ýurtlaryň hataryna goşuldy. Hasabatda Türkmenistan 132 ýurduň arasynda 131-nji orny eýeledi. Şonuň üçin, azeri bilermeni Azer Hasratyň pikiriçe, türkmen hökümetiniň daşky gurşawy goramak boýunça takyk nähili işleri amala aşyranlygy barada bir zat aýtmak kyn.

“Türkmenistan we beýleki hazarýaka ýurtlar deňzi arassalamak we ony arassa saklamak barada uly alada edýändiklerini görkezmäge çalyşýarlar. Emma bu zatlary öz gözüň bilen görmek gerek” diýip, Hasrat aýdýar. “Ýöne Türkmenistan, Azerbaýjan we beýleki hazarýaka ýurtlar deňziň arassalygynyň halkara ölçeglere laýyk bolmagy üçin tagalla edýärler. Gynansak-da, bu ölçegleriň mydama we ähli ýurtda ýerine ýetirilýändigini aýtmak mümkin däl”.

Hasratyň nygtamagyna görä, häkimiýetler ilkinji nobatda Hazar deňzini arassa saklamak üçin halkara borçnamalaryny berjaý etmeli. Şeýle-de Hazardan nebit alýan halkara kompaniýalar hem deňziň arassa bolmagy üçin halkara ölçegleri doly ýerine ýetirmeli.

Türkmenistanyň Hazar boýunça kenary 1768 kilometre uzaýar.
XS
SM
MD
LG