Eýran ballistik raketa synagyny amala aşyrdy
Eýran orta aralyk üçin niýetlenen “Şahab-3” ballistik raketasynyň synagyny üstünlikli amala aşyrdy diýip, bu ýurduň mediasy habar berýär. Bu raketalar Ysraýyla çenli baryp bilýär. Eýranyň berýän maglumatyna görä “Şahab-3” kysymly raketalarynyň 2 müň kilometre çenli uçmak ukyby bar. Eýran bilen Ysraýylyň aralygy bolsa 1 müň kilometre golaý.