Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Galla hronologiýasy 2003-2012


Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe galla hasylynyň ýygnalyşy barada çişirilen hasabatlar ýaýradylardy. 2006-njy ýylda Türkmenistanda ýygnalan gallanyň mukdarynyň 3 million 500 müň tonna bolandygy barada resmi maglumat ýaýradylypdy. Ýurtda üç ýarym million tonna bugdaý ýygnaldy diýlip resmi maglumatlar ýaýradylan-da bolsa, eýýäm 2006-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistanda un ýetmezçiligi mese-mälim bildiripdi.

Azatlyk Radiosy ýurtda galla hasylynyň ýygnalyşyna degişli arhiwdäki sanlara we ses ýazgylaryna göz aýlady.

Saparmyrat Nyýazow 2003-nji ýylda 2,5 million tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny aýdypdy:

please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00
Ýükle


2004-nji ýylda 2,7 million tonna galla hasylynyň ýygnalandygy habar berildi. Şeýle hem 2010-njy ýyla çenli ýyllyk 5 million tonna galla öndürmek planlaşdyryldy.

2005-nji ýylda 3 million tonna galla hasylynyň ýygnalandygy habar berildi.

2006-nji ýylda 3,5 million tonna galla hasylynyň ýygnalandygy habar berildi.

2006-njy ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda prezident Saparmyrat Nyýazow galplyklar barada dil ýardy:

please wait

No media source currently available

0:00 0:01:00 0:00
Ýükle


Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň prezidentligine saýlanansoň, galla barada ýalan hasabaty bermegiň nädogrudygyny aýdyp, köpçülige hakyky maglumatyň berilmegini talap edipdi. Netijede 2007-nji ýylda Türkmenistanda 1 million tonnadan gowrak gallanyň ýygnalandygy barada resmi maglumat berlipdi.

2010-njy ýylda Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna golaý galla ýygnaldy diýlip, 2011-nji ýylda habar berildi. Berdimuhamedow bu görkezijiniň ýurduň taryhynda ilkinji gezek gazanylan ýokary netijedigini aýtdy.

2011-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt üçin gerek bolan möçberden artyk galýan 200 müň tonnadan gowrak dänäniň biržanyň üsti bilen satylmagyny degişli ýolbaşçylara tabşyrdy:

please wait

No media source currently available

0:00 0:00:57 0:00
Ýükle


2011-nji ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň galla oragy möwsüminde ýurt boýunça 1 million 200 müň tonna hasylyň ýygnalandygyny habar berdi. Şu ýylyň galla hasylynyň döwlet borçnamasy bolsa 1 million 600 müň tonnady.

2011-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda öndürilen “artykmaç gallany” biržanyň üsti bilen daşarky bazarlara ýerlemek babatda hiç hili işleriň alnyp barylmandygy üçin degişli ýolbaçylara özüniň nägileligini bildirdi.

Geçen hepdäniň anna güni prezident Berdimuhamedow ençeme ýokary derejeli çinownigi wezipesinden boşatdy. Ol ýolbaşçylaryň aglabasynyň wezipelerinden boşadylmagynyň sebäbini olaryň şu ýyl galla hasyly boýunça planlaryny ýerine ýetirmändikleri bilen baglanyşdyrdy.

Şu ýyl Türkmenistanda 1 million 600 müň tonna galla hasylyny döwlete tabşyrmaklyk planlaşdyrylan bolsa-da, galla oragynyň tamamlanyp barýan häzirki döwrüne çenli diňe 1 million tonna töweregi galla hasylynyň tabşyrylandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG