Bosnýanyň Srebrenisa obasynda 8 müň töweregi uly we kiçi ýaşly erkek adamyň gyrylmagynyň 17 ýyllygyny bellemek üçin çarşenbe güni müňlerçe adam bu oba ýygnandy.
1995-nji ýylda bu parahat ýaşaýjylar Bosnýadaky serb güýçleri tarapyndan öldürilipdi. Çarşenbe günki hatyra çäresinde bu gyrgynçylygyň bolan ýerinden täze tapylan we anyklanan 520 adamyň jesediniň jaýlanyşy-da gurnaldy.
Çarşenbe güni Waşingtonda bu waka bilen baglanyşykly eden çykyşynda prezident Barak Obama Srebrenisa wakasynyň hemişe 20-nji asyryň iň bir aýylganç wakalarynyň biri hökmünde ýatlanyljakdygyny belledi.