Käbir çeşmelere görä, şu günki gün Türkmenistanda umumy öndürilýän önümiň 40 prosente golaýy döwlete degişli däl sektor tarapyndan öndürilýär. Bu barada resmi statistiki maglumat elýeterli däl. Emma indi süýji-köke, makaron önümleriniň esasan hem şahsy eýeçilikdäki hususy kärhanalarda öndürilýändigini görmek bolýar.