Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çandybil etrabynda ýaşaýyş jaýlary ýykylýar


Aşgabadyň Berzeňňi massiwinde, 22-nji iýul.
Aşgabadyň Berzeňňi massiwinde, 22-nji iýul.

Aşgabat şäheriniň Çandybil etrabyna degişli, ilat arasynda “wosmoý” diýilip atlandyrylýan raýonyň Nurberdi Pomma, Kerki köçelerindäki, Atamyrat Niýazow şaýolunyň ugrundaky hojalyklaryň jaýlary hem-de Berzeňňi massiwindäki daçalar ýykylýar.

Aşgabat şäheriniň Çandybil etrabyna degişli, ilat arasynda “wosmoý” diýilip atlandyrylýan raýonyň Nurberdi Pomma, Kerki köçelerindäki, Atamyrat Niýazow şaýolunyň ugrundaky ýaşaýyş jaýlary ýykylmaly edildi. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň jaýlary ýykylýan raýonyň ýaşaýjylaryna Aşgabat şäher häkiminiň 2012-nji ýylyň 30-njy iýunynda çykaran karary esasynda ýollan talapnamasynda aýdylýar.

Çandybil etrabynyň Nurberdi Pomma köçesinde ýaşaýan bir hususy jaýyň eýesi 13-nji iýulda şäher häkimliginden talapnama alandygyny aýdýar. Bu talapnamada üç günüň dowamynda jaýlarynyň resminamalaryny Çandybil etrap häkimliginiň ýanyndaky hususy ýaşaýyş jaýlary bölümine tabşyrmaklyk soralýar. Jaý eýesiniň jaý meselesi çözülenden soň bolsa, bäş günüň dowamynda ýaşaýyş jaýynyň sökülip aýryljakdygy duýdurylýar.

Suratlar: Çandybil etrabynda ýykylmaly edilen jaýlardan käbirleri

Ýaşaýyş jaýlary bölümine tabşyrylmaly resminamalar sekiz punktdan ybarat bolup, olaryň arasynda jaýda ýaşaýan adamlaryň pasportlarynyň göçürmeleri, F-3 nusgadaky öý dolandyryş edarasyndan hat, jaýyň göwrüminiň hasaby, merkezi arhiwden güwanama ýaly dokumentler bar.

Şu günler Nurberdi Pomma köçesiniň ugrundaky käbir jaýlaryň eýeleriniň gerekmejek öý goşlaryny satlyga köçäň ugruna çykarandyklaryny görmek bolýar.

Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrundaky iki gatly köp kwartiraly jaýyň häzirki wagtda eýýäm ýykylyp durandygy aýdylýar. Bu jaýlaryň köpüsi 1956-65-nji ýyllar aralygynda guruldy. Ýöne ýykylmaga degişli bu jaýlaryň arasynda köne jaylaryny sökup, taze jaylary guranlar hem bar.

Berzeňňi massiwindäki daçalar sökülýär

Hususy jaýlary ýykmak işleri Berzeňňi massiwindäki daçalyk ýerlerde hem dowam edýär. Bu ýerdäki daça melleginde köp otagly ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ýaşap ýörenler hem bar. Olaryň eýeleri gurluşyk harytlaryny alyp-satarlara satýarlar.

Häzir Berzeňňi daçlarynyň welaýatlardan gelen gurluşyk harytlaryny alyp-satarlardan doludygy habar berilýär. Aýdylşyna görä, ýene-de 2-3 aýdan bu ýerlerdäki daçalar dolulygyna sökülip gutarylmaly.

Suratlar: Berzeňňide ýykylýan jaýlar

Bu ýeriniň ýaşaýjylaryna ýykylan jaýlary üçin häkimiýetler tarapyndan töleg edilmeýär. Diňe öý kitapçasy ýa-da ýeriň hususy eýeçiligine berlendigi barada ýörite resminamalary bolan ýagdaýynda olara başga ýerden ýer berilýär.

Berzeňňi massiwinde ýerleşýän daçalaryň eýelerine jaýlarynyň näme sebäpden ýykylýandygy barada häkimiýetleriň maglumat bermeýändikleri aýdylýar. Daçalyk ýerlerde gurlan jaýlar geçen maý aýynda ýykylyp başlandy. Häzir Çandybil etrabynyň resmileri daçalara aýlanyp, jaý eýeleriniň jaýlaryny özleriniň sökmelidigini aýdýarlar. Käbir daçalarda eýýäm gazyň, toguň we suwuň kesilendigi habar berilýär.

19-njy iýulda geçiren hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň haýal alnyp barylýandygyny we häzire çenli “Aşgabat şäheriniň anyk geljege gönükdirilen baş meýilnamasynyň hem ýokdugyny” aýtdy.

Paýtagtda täze ýaşaýyş binalaryň, etrapçalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, köne ýaşaýyş jaýlaryň ýaramaz saklanýandygyna Berdimuhamedow ünsi çekdi.

“Olara talaba laýyk hyzmat edilmeýär. Şäherde köp sanly köne jaýlar bar. Şol jaýlarda hem abatlaýyş işlerini geçirmeli ýa-da olary ýykyp aýyrmak maksada laýyk boljakmy, ine ony siz hökmany suratda kesgitlemeli” diýip, Berdimuhamedow hökümet agzalaryna tabşyryk berdi.

Mundan ozal Aşgabadyň Çandybil etrabynda üç sany köprüniň salynmagy bilen, Eýran ýolundan gündogara – 1-nji Maý posýologyna uzaýan köçäniň demirgazygynda we günortasynda ençeme jaýlar ýykyldy.
XS
SM
MD
LG