Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa Eýranyň baş diplomatynyň Türkiýä saparynyň gün tertibinde


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Türkiýä sapar edýär. Oňünden planlaşdyrylmadyk bu saparyň gidişinde Siriýadaky konfliktiň we bu ýurtda onlarça eýranlynyň ogurlanmagy bilen bagly meseleleriň maslahat edilmegine garaşylýar.

Eýranyň ilçihanasynyň maglumatyna görä, Ali Akbar Salehi hepdäniň sişenbe güni Ankarada Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu bilen duşuşar.

Prezident Başar al-Assadyň režimine garşy söweşýän siriýaly gozgalaňçylar hepdäniň şenbe güni Damaskyň daşynda 48 sany eýranlyny ogurlapdylar. Eýranyň häkimiýetleri ogurlanan adamlaryň şaýylaryň keramatly ýerlerine syýahat eden zyýaratçylardygyny aýdýarlar. Emma gozgalaňçylar ogurlanan eýranlylaryň “Eýran rewolýusiýasynyň sakçylarynyň” agzalary bolup, Siriýada razwedka missiýasyny ýerine ýetirendiklerini aýtdylar.

Hepdäniň duşenbe güni Siriýanyň gozgalaňçylarynyň wekili hökümet goşunlarynyň howadan eden hüjümlerinde üç eýranlynyň heläk bolanlygyny habar berdi.

Salehi türkiýeli we katarly kärdeşlerinden ýesirleriň tussaglykdan boşadylmagy üçin ýardam sorady.

Eýran Siriýanyň ýakyn ýarany. Türkiýe bolsa Siriýada 17 aý bäri dowam edýän gozgalaňlar bilen baglylykda prezident Başar al-Assady iň berk tankyt edip gelýän ýurtdur.

Eýranyň resmi habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, hepdäniň duşenbe güni giç agşam Eýranyň Daşary işler ministrligi Siriýada eýranlylaryň ogurlanmagy bilen baglylykda Şweýsariýanyň Tährandaky ilçisini çagyrypdyr.

Şweýsariýa diplomatiýa taýdan ABŞ-nyň Eýrandaky bähbitlerine wekilçilik edýär. Sebäbi ABŞ bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklar saklanmaýar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Şweýsariýanyň ilçisine aýtmagyna görä, Amerikanyň siriýaly gozgalaňçylary goldaýanlygy sebäpli Tähran ABŞ-ny eýranlylaryň ogurlanmagynda jogapkär hasaplaýar.

“Režimiň dargamagy”

Ogurlanan eýranlylary azat etmek boýunça ýene bir synanyşyk edildi. Eýranyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Saeed Jalili Beýruta eden saparyny tamamlap, sişenbe güni Damaska bardy.

Şol bir wagtyň özünde-de ABŞ ýakynda Siriýanyň premýer-ministri Riýad Hijabyň wezipesini terk etmeginiň siriýa režiminiň öz içinden dargap barýanlygyny görkezýänligini aýtdy.

Hijab şu çaka çenli Siriýadan gaçan ýokary derejeli resmileriň arasynda iň uly wezipelisidir. Ol hökümet baştutany wezipesine iki aý mundan öň bellenipdi.

Hepdäniň duşenbe güni Ak Tamyň resmi wekili Jeý Karneýiň bellemegine görä, Siriýanyň hökümet baştutany öz wezipesini terk edip, özüniň “Assadyň hökümetiniň alyp barýan gyrgynçylygyndan ýüz öwrenligini görkezdi” we bu waka “Assadyň režiminiň içinden dargaýanlygyny aňladýar”.

Hijabyň wekiliniň aýtmagyna görä, öňki premýer-ministr Assadyň tarapynda çykyş edýän güýçleriň amala aşyrýan “genosidine” garşy protest bildirmek üçin gozgalaňçylara goşulypdyr.

Hijabyň ýerleşýän ýeri resmi taýdan tassyklanmady, emma habar berlşine görä, ol Katara aşmak üçin Iordaniýa barypdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de Siriýanyň döwlet habar serişdeleri hökümet güýçleriniň hepdäniň sişenbe güni Aleppoda gozgalaňçylara garşy eden hüjümi netijesinde azyndan 25 gozgalaňçynyň öldürilenligini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG