Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gadyr gijesinde 1327 tussag boşadylýar


Türkmenistanda 1327 tussagyň günäsi geçildi. (Umumy illustrasion surat)
Türkmenistanda 1327 tussagyň günäsi geçildi. (Umumy illustrasion surat)
Ýekşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1327 tussagyň günäsini geçmek barada permana gol goýdy. TDH gullugynyň bu baradaky maglumatynda günäsi geçilenleriň arasynda Türkmenistanyň territoriýasynda jenaýat eden 44 sany daşary ýurt raýatynyň hem bardygy aýdylýar.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň günä geçişlik barada taýýarlan taslamasyna ýurduň harby we kanun goraýjy organlarynyň ýolbaşçylary bilen Aşgabatda geçirilen maslahatda garalypdyr we döwlet ýolbaşçysy tarapyndan makullanypdyr.

Türkmen döwleti indi birnäçe ýylyň dowamynda günäsini boýun alan we etmişi barada toba eden tussaglaryň günäsini geçip, olary azatlyga goýberýär.

Gadyr gijesine gabatlanyp yglan edilen günä geçişlikde azatlyga çykan tussaglar “adaty durmuşa dolanmaga we hakyky zähmetleri bilen öz günälerini ýuwmaga mümkinçilik gazanarlar” diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda eden çykyşynda nygtady we günäsi geçilenleriň Gadyr gijesiniň öň ýanynda maşgala ojaklaryna dolanmaklaryny üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi.

2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanda günä geçişlik ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýär. Häzirki Gadyr gijesi mynasybetli yglan edilen günä geçişlikden öň şu ýylyň maý aýynda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymgulynyň poeziýa günleri mynasybetli bellenilýän baýrama gabatlanyp müň töweregi tussag azatlyga goýberilipdi.

Aşgabatly synçy, hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýew Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde şu gezekki günä geçişligiň aýratynlygyna ünsi çekip, onuň maý aýynda bolan günä geçişlikden san taýdan tapawutlanýandygyny, ýöne bu gezek hem günäsi geçilenleriň sanawynyň türkmen metbugatynda berilmändigini aýtdy.

“Soňky iki-üç ýylyň dowamynda sanawlar berlenok. Bilşimiz ýaly, ozal Türkmenistanyň merkezi gazetlerinde rus hem türkmen dillerinde sanaw berilýärdi, şonda kimiň günä geçişlige düşenligi dogan-garyndaşlary üçin hem, umuman Türkmenistanyň ilaty üçin hem, mälim bolýardy” diýip, Aşyrguly Baýryýew belledi.

Şertli azatlyga goýbermek düzgüni

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda günä geçişlik yglan edilip başlanaly bäri onuň düzgünleri barada açyk-aýdyň maglumatlar berilmän gelindi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň kanunçylygynda sowet döwründen bäri dowam edip gelýän şertli azatlyga goýbermek düzgüni hem bar. Bu düzgüne laýyklykda, özüni türmede göreldeli alyp baran tussag şertli ýagdaýda möhletinden öň azatlyga goýberilýär.

Synçy Aşyrguly Baýryýew şeýle düzgüniň esasynda häzir azatlyga goýberilmek tejribesiniň Türkmenistanda ulanylmaýandygyny belledi.

“Umuman, tussaglary möhletinden öň şertleýin boşatmak düzgüni ulanylsa gowy boljak” diýip, Baýryýew azatlykdan mahrum etmekligiň maksadynyň adamyň öz ýalňyşyna düşüner ýaly, şol adama terbiýe berer ýaly ýagdaýlary göz öňünde tutýandygyny nygtady. “Şonuň üçin hem, şu düzgün häzir günä geçişlik bilen bir hatarda ulanylsa, olam, elbetde gowy bolar” diýip, aşgabatly synçy, hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Gadyr gijesi Türkmenistanda awgust aýynyň 14-den 15-ne geçilýän gijesi bellenilýär.
XS
SM
MD
LG