Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky ministr, hökümet tankytçysy neşekeşlikde aýyplanýar


Geldimyrat Nurmuhammedow, ozalky medeniýet we turizm ministri, 8-nji dekabr, 2011.
Geldimyrat Nurmuhammedow, ozalky medeniýet we turizm ministri, 8-nji dekabr, 2011.
Türkmenistanyň ozalky medeniýet we turizm ministri Geldimyrat Nurmuhammedowyň düýn Aşgabatda tussag edilendigi aýdylýar. Ol 1992-1995-nji ýyllarda, S. Nyýazowyň hökümetinde ministr bolup işläpdi, häzir 59 ýaşynda.

Geldimyradyň aýalynyň ynamdar çeşmä aýtmagyna görä, ol neşe ulanmakda aýyplanypdyr. Ýerli çeşme onuň şu gün sagat 13.00-da Daşoguzdaky neşe goýdurylýan hassahana alnyp gidiljegini habar berdi. Ozalky ministriň şol hassahanada alty aý saklanjagy aýdylýar, şondan soň näme ediljegi häzirlikçe belli däl.

Geldimyrat Nurmuhammedowyň neşe ulanýandygy hakynda ozal hiç bir maglumat çykmandy. Ol geçen ýylyň 8-nji dekabrynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda dolandyryjy partiýanyň bikanundygyny aýdypdy we hökümetiň alyp barýan käbir syýasatyny tankyt edipdi.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:51 0:00
Ýükle

Şol tankydy çykyşdan kän wagt geçmänkä, 16-njy dekabrda onuň Aşgabatda ýerleşýän hususy firmasy, salgyt tölemekden gaçalak edenligi üçin diýlip, ýapylypdy.
XS
SM
MD
LG