Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň delegasiýasy Kabula sapar edýär


NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen (Ç) we Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, Kabul, 18-nji oktýabr 2012 ý.
NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen (Ç) we Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, Kabul, 18-nji oktýabr 2012 ý.
NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen 2014-nji ýyldan soň owgan güýçlerine öz ýurdunyň howpsuzlygyny doly öz üstlerine almakda halkara jemgyýetçiliginiň kömeginiň dowam etdiriljekdigini penşenbe güni Kabula saparynda aýtdy.

2014-nji ýylda kaolisiýa güýçleriniň Owganystandaky söweş missiýasy tamamlanýar. Kabulda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Rasmussen “alýansyň maksady - Owganystanyň öz aýagynda doly durmagyny gazanmakdyr” diýip aýtdy. Ol bu işde Owganystanyň ýeke goýulmajakdygyny hem sözüne goşdy.

Rasmussen: “Biziň şu günki saparymyz yhlasymyzyň aýdyň alamatydyr. Halkara howpsuzlyk kömek fondy boýunça kaolisiýa girýän ähli 50 döwlet Owganystana häzir we uzak möhletde ýardam bermek barada alada etmegini dowam etdirýär. Bu häzirki gazanýan üstünliklerimizi öz gözümiz bilen görmäge uly mümkinçilikdir”.

NATO-nyň başlygy Kabula penşenbe güni bardy. Ol NATO-nyň ýokary derejedäki kararlaryny kabul edýän Demirgazyk Atlantik Geňeşiniň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Rasmussen Owganystanyň güýçleriniň ýurtdaky howpsuzlygy goramak işlerini öz üstlerine eýýäm alyp başlandyklaryny aýtdy.

Rasmussen: “Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri eýýäm köp işleri etdiler. Olar häzir ýurduň ilatynyň dörtden üç böleginiň howpsuzlygyny goramakda ýolbaşçylyk edýärler. Şeýle hem olar bidüzgünçilikleriň gowşan regionlarynda howpsuzlygy goramak işlerini alyp barýarlar. Siziň güýçleriňiz ähli operasiýalaryň 80 prosentinde ýolbaşçylyk edýärler we türgenleşigiň 85 prosentini alyp barýarlar”.

NATO-nyň başlygy Owganystana ykdysady we sosial taýdan ösmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň yhlas etjekdigini ýene-de nygtady.

NATO 2014-nji ýyldan soň owgan güýçlerini türgenleşdirmek, olara maslahat we kömek bermek boýunça täze missiýasy barada ylalaşdy.

Prezident Hamid Karzaý bilen dyşuşykdan soň Demirgazyk Atlantik Geňeşiniň delegasiýasynyň owgan hökümetiniň we parlamentiniň agzalary, halkara jemgyýetçiliginiň wekilleri we Owganystanyň Milli howpsuzlyk güýçleri bilen duşuşygy planlaşdyryldy.
XS
SM
MD
LG