Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malyň bahasy galdy, gurban kesjekler aladaly


Geçen ýylyň degişli döwründe orta agramly goýnuň bahasy 240 manat bolan bolsa, häzir şol agramdaky goýnuň bahasy 360-370 manada çykypdyr.
Geçen ýylyň degişli döwründe orta agramly goýnuň bahasy 240 manat bolan bolsa, häzir şol agramdaky goýnuň bahasy 360-370 manada çykypdyr.
Türkmenistanda çörek bilen undan soň etiň gymmatlamagy halkyň orta girdejili böleginiň saçagyna tasir etdi. Gurban baýramy ýetip gelýärkä goýun-geçileriň bahalarynyň ýokarlanmagy bolsa her ýyl gurban kesýän adamlary kyn ýagdaýda goýýar.

Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň mal bazarynda mal satjak adamlaryň birnäçesi eýýäm daňdan altyda görnüp ugraýar. Sagat ýedi töweregi uly bazar adamlardan, olaryň satmaga getiren goýun-geçilerinden, iri şahly mallaryndan dolýar. Mal satyjylar etiň häzirki bahasyna seredip, mallaryna baha kesýärler.

Mallaryň bahalaryny bilmäge gelen Merdan öz mallaryna näçe baha kesip satjagyny bilmeýär. “Men ýöne mallaryň bahalaryny bilmek üçin bazara geldim, öýde 4 sany goýnum we iki sany sygyrym bar. Bahalary göz öňünde tutup, öz mallaryma baha kesmek isleýän” diýip, Garaşsyzlyk etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Merdan gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, häzir mal bazaryna ot-iýmiň gymmatlamagy zerarly mallaryny satmak isleýän adamlar gelýär. Et biznesi bilen meşgullanýan adamlar bolsa mal satyn almaga gelýärler.

Geçen ýylyň degişli döwründe orta agramly goýnuň bahasy 240 manat bolan bolsa, häzir şol agramdaky goýnuň bahasy 360-370 manada çykypdyr. Agramy 100 kilogram töweregi bolan ýaş öküzleriň geçen ýylky bahasy 1200 manat bolan bolsa, häzir olar 1700 manat bolupdyr.

Mallaryň bahalarynyň gymmatlamagy zerarly, her ýyl gurban kesýän az girdejili hojalyklaryň arasynda bu ýyl gurbanlyk bermäge ýagdaýlarynyň ýetmejegini aýdýanlary-da bar. Bazaryň içinde gurbanlyk bermek üçin mal satyn almaga gelýän adamlaryň az bolmagy hem muny tassyklaýar

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, mallaryň bahalarynyň gymmatlamagyna ot-iýmiň bahasynyň ýokarlanmagy sebäp bolupdyr. Olar oba ýerlerinde mal satyn alyp, ony bakyp, etini satyp gazanç edýänleriň-de azalýandygyny, şol sebäpden soňky döwür et dükanlarynda ara-ýarym etiň bolmaýandygyny aýdýarlar.



Galkynyş etrabynyň mal bazaryna iri şahly mallaryny getirip, satyp bilmän yzyna alyp gidýänler-de bar. Olaryň biri hem Rahmanguly. Ol ikinji sapar bazara gelse-de öz üç öküzini satyp bilmändir.

“Meniň aýdan bahama öküzleriň hiç birini alanoklar, pes bahadan-da satasym gelenok. Men hiç ýerde işlämok, öküzleri satamsoň puluny bir işe, söwda satyk bilen meşgullanmaga goşsam ýa-da bir ýeňil maşyn edinsem diýýän. Ertir ýene-de mal bazara gelerin, öýüm bazardan kän bir daşda däl” diýip, Rahmanguly aýdýar.

Mal bazaryna gelenleriň arasynda hususyýetçi mal söwdagärleri-de bar. Rahmangulynyň aýtmagyna görä, mal söwdagärleri pully adamlar we olar köplenç goýun-geçi ýaly maýda mallary satyn alyp, üstüne 20-25 manat goýup satýarlar.

“Olar mal bazaryna gijäniň bir wagty gelip, bazara getirilen ilkinji mallaryň ählisini diýen ýaly satyn alyp, satyn alnan goýun-geçileriniň bahalarynyň üstüne 20-25 manat goýup, bazara mal edinmäge gelenlere satýarlar. Şeýdip gazanç etmek üçin azyndan 5-6 müň dollar gerek” diýip, Rahmanguly aýdýar.
XS
SM
MD
LG