Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan durnuksyz regiona öwrülýär


Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) işgärleri Dagystanyň Mahaçkala oblastynda bomba bilen partladylan maşynyň ýanynda, 2012-nji ýylyň 16-njy apreli.
Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) işgärleri Dagystanyň Mahaçkala oblastynda bomba bilen partladylan maşynyň ýanynda, 2012-nji ýylyň 16-njy apreli.

Geçen hepde Dagystanda salafi ymamyň janyna kast edilmegi Demirgazyk Kawkazda şu ýylyň dowamynda öldürilen bäşinji musulman ruhanysy hökmünde taryha girdi. Näme üçin Dagystan şeýle durnuksyzlygy başdan gäçirýär?

Janyndan geçen hüjümçi polisiýa bölüminde bomba partladýar. Gündiziň günortany musulman ruhany atylyp öldürilýär. Gozgalaňçylar bilen howpsuzlyk güýçleri çaknyşýar. Umuman, şular ýaly habarlar durnuksyzlaşan Demirgazyk Kawkazdaky Orsýete degişli Dagystan respublikasynda habarlar gepleşikleriniň aýrylmaz bölegine öwrülip barýar.

Geçen hepde Dagystanyň Derbent şäherinde kimdigi näbelli ýaragly adam iki garyndaşy bilen ertir namazyny okamak üçin metjide barýan ymamy we ýanyndakylary atyp öldürdi.

Ol şu ýylyň dowamynda öldürilen bäşinji musulman dini lideri boldy.

Analitikleriň aýtmaklaryna görä Dagystan gürrüňsiz Demirgazyk Kawkazyň iň bir durnuksyz regionyna öwrüldi. Sebiti çaknyşyklar we tolgunyşyklar gurşap aldy. Ýöne näme üçin Dagystan? Bu ýerde bölünişige sebäp bolýan faktorlar näme?

Inguşystan, Kabardino-Balkariýa we biraz-da Çeçenistan ýaly Dagystan hem Pan-Kawkaz Yslam halyfatyny gurmagy maksat edinýän Doku Omarowyň baştutanlygyndaky yslamçy meýletinçileriň pitne merkezine öwrüldi.

Giňden ýaýran işsizlik, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň pesligi, adam hukularynyň kemsidilmegi, ýerli hem federal häkimiýetlerden nägilelikler ýaşlary pitneçilere goşulmaga itekleýär. Ýerli halkyň dilinde olara “tokaýa gitdi” diýilýär.

Dagystanyň ýagdaýyndaky tapawutlylyk ýurduň çäginde yslamyň buky hökmünde ulanylmagydyr. Analitikleriň aýtmaklaryna görä, Salafizm ýaly yslamy ideologiýalar Dagystanda beýleki Demirgazyk Kawkaz respubliklara garanyňda, has hem rowaçlanýar.

Moskwadaky Karnegi merkeziniň Kawkaz boýunça eksperti Alekseý Malaşenkonyň pikirine görä, bu ýagdaý Dagystany öz goňşularyndan üzňeleşdirýär: “Tapawutlylyk resmi däl yslamy we oppozisýadaky täsirli yslamy özünde jemleýär. Şol bir wagtda-da, yslamlaşmak prosesi hem derejesi boýunça tapawutlanýar. Dagystan regionda iň bir yslamlaşan respublikadyr.”

Dagystandaky tapawutlylyklar ýagdaýy has hem dartgynlaşdyrýar. Däp bolan yslamyň tarapdarlary bilen täzeçil yslamyň tarapdarlary, yslamçy oppozisýa bilen ýerli häkimiýetler, Şerigatyň tarapdarlary bilen medeni we sosial taýdan ors täsirine garşy gidýänler, garaz, hemmesi öz arasyndaky aýratynlyklar zerarly tapawutlanýar.

30-njy oktýabrda salafi ymamynyň öldürilmegi Sufiçi hem Salafi jemagatlarynyň arasyndaky dartgynlyga şaýatlyk edýär. Analitikler bu wakany güýçli yslamçy sufi toparynyň ar alyş hüjümi diýip düşündirdi.

Öldürilen 49 ýaşly Kalimulla Ibragimow yslamyň Salafi şahasyna hyzmat edýän Derbentdäki hasaba alynmadyk metjidiň ymamy hökmünde ýerli ýaşaýjylar tarapyndan giňden tanalýar. Salafiler sufistlere garanyňda has hem radikal hasaplanylyp, ekstremist bolandyklary üçin häkimiýetler olardan gaça durýarlar.

Demirgazyk Kawkaz boýunça analitik, şeýle hem düýbi Parižde ýerleşýän “Kawkaz boýunça barlag merkeziniň” başlygy Maribek Waçagaýew Ibragimowyň janyna kast edilmeginiň ar alyş maksatly edilen hereketdigine şaýatlyk edýän alamatlaryň bardygyny aýtdy. Ol Ibragimowyň janyna kast edilmeginiň Sufi toparynyň öz şyhlary Sirajeddin Israfilowyň öldürilmeginiň birinji ýyl dönümini belleýän wagtyna gabat gelendigini aýratyn belleýär.

“Meniň pikirimçe, biz bu ýerde sufiçileriň tarapdarlarynyň ar alandyklaryny aýdyp bileris. Olar öz şyhlaryny salafileriň öldürendigini çaklap, olara garşy göreş alyp barmaly diýen netijä gelen bolmaly” diýip, Waçagaýew aýdýar.

Şular ýaly hüjümler oňşukly salafistleriň has hem radikallaşmagyna we yslamyň mistiki şahasy bolan sufistler bilen olaryň düşünişmeklerine päsgel berýär.

Gozgalaňçylaryň ýarany hökmünde bilinýän Kawkaz merkeziniň websaýty Ibragimowa “şehit” diýip at dakdy.

Analitikleriň aýtmaklaryna görä, ymamlar jemgyýetde abraýly adamlar bolandyklary üçin olara hüjüm etmek gözilginç bolýar. Şeýle-de olar fiziki taýdan hem ejiz bolýarlar.

Çeçenistandaky ymamlardan tapawutlylykda, Dagystandaky, Inguşystandaky we Kabardino-Balkariýadaky ymamlar resmi ýaragly janpenalary kabul etmeýärler. Malaşenkonyň çaklamalaryna görä, 6 ýylyň dowamynda Demirgazyk Kawkazyň Garaçaý Çerkezistan bilen Dagystan aralygynda 37-den gowrak ymam we müfti öldürilipdir.

16-njy oktýabrda Wladimir Putin Orsýetiň howpsuzlyk edaralaryna we kanun çykaryjy organlaryna Soçide geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, pitneleri basyp ýatyrmak üçin “mümkingadar netijeli” çäreleri görmeklerini tabşyrdy. Şeýle-de Putin analitikkleriň esli wagtdan bäri öňe sürüp gelýän bir pikirini, ýagny Dagystandaky “terroristlere garşy göreşde” ors goşunynyň goşulandygyny tassyklady.

Malaşenko goşun girizmegiň ýagdaýy köşeşdirmejekdigini çak edýändigini aýdýar, ýatyşdyrmagyň deregine bu hereketiň gürrüňi edilýän respublika barada Kremliň ýalňyş syýasat alyp barýandygyna güwä geçýändigini aýratyn nygtaýar.

“Putiniň aňyna ornan ýekeje zat – uruşmak, has köp esger ýollamak. Netijesi boş. Olar muny şu wagta çenli birnäçe sapar edip gördüler we iş ýüzünde bu ýagdaý Dagystanda graždanlyk urşunyň barlygyny subut edýär” diýip, Malaşenko aýdýar.

Putine görä, Orsýetiň alyp baran ýörite operasiýalarynda 479 sany “garakçy” saklanyldy, 313 sany “terrorçy” öldürildi. Öldürilenleriň 43 sanysy Demirgazyk Kawkazdaky pitne “ýolbaşçylary” ekeni.

Emma Waçagaýewiň pikirine görä, gurnalan operasiýalar Dagystana duýarlykly tasir ýetirmändir: “Biz Inguşystana ýa-da bolmasa Kabardino-Balkariýa seredenimizde, durnuklylygyň alamatlaryny görmegimiz mümkin. Häkimiýetler göreş alyp barmaga çalyşýarlar we pitnçeilere garşy örän çynlakaý işler alyp barýarlar. Häkimiýetler gürrüňi edilýän ýerlerde ýagdaýy gözegçilikde saklap bilmeselerem, ýaragly çykyşlaryň artmagynyň öňüni alyp bilipdirler. Emma Dagystanda biziň soňky 4 ýylda gören zadymyz – diňe gozgalaňyň öjükmegi. Biz entäk bu ýerde üstünlik gazanmadyk. Meniň pikirimçe, üstünlige ýetmek üçin, entäk köp işler edilmeli.”
XS
SM
MD
LG