Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Obamanyň ikinji möhletinden nämä garaşmaly?


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Ak Tamda, 2012-nji ýylyň 5-nji marty.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Ak Tamda, 2012-nji ýylyň 5-nji marty.
Daşary syýasat barada giden çekişmelerde köplenç Eýranyň ýadro programmasy baradaky tema agdyklyk eden saýlaw kampaniýasyndan soň amerikan prezidenti Barak Obama ýene wezipe başyna dolanyp gelýär.

Bäsdeşi Mitt Romni ony Eýran barada gowşak syýasat ýöretmekde aýyplady. Romni bu ugurda: "Eýran ýadro ýaraglaryny öndürmek mümkinçiligine ozal hiç haçan häzirkisi ýaly beýle ýakynlaşmandy. Ol hiç haçan Amerikadan beýle gorkusyz hereket etmändi" diýdi.

Häzir, Obama ikinji möhlete başlaýarka, esasy sorag bu tankydyň oňa näderejede täsir edendigi. Obama özüniň goşa strategiýasyna bil baglap, Eýrany bir tarapdan ykdysady sanksiýalar bilen gysyp, bir tarapdan hem dostlukly gatnaşyklary dikeltmek baradaky tagallalaryny artdyrarmyka? Ýogsa-da, Obamanyň edýän tägallalaryna garamazdan, Eýranyň sentrifugalar gurmagy, uran baýlaşdyrmagy dowam etdirmegi Ak Tamy başga bir zada synanyşmaly diýen pikire getirermikä?

Bu soraglara Obamanyň ikinji möhletiniň ilkinji aýlarynda jogap berilmegi mümkin.

Sahşang Joşy Londonyň "Royal United Services" institutynda region boýunça bilermen. Ol Birleşen Ştatlaryň sanksiýalarynyň Eýrany gepleşik stolunyň başyna getirerlik derejä ýetendigini belleýär: "Meniň pikirimçe, sanksiýalaryň, beýleki faktorlar bilen birlikde Eýrany gysyp, ony gepleşik stolunyň başyna getirmäge goşant goşandygyna şübhe ýok. Biz şu ýyl gepleşikleriň üç tapgyryna şaýat bolduk. Bular netije bermese-de, Eýranyň gapleşik stolunyň başynda oturmagy onuň özüni gysyş astynda duýýandygny görkezýär. Eýranyň köp taraply gepleşikleriň gapdalynda Amerika bilen göni gürleşmek mümkinçiligi barada berilýän alamatlar hem onuň gysyşy duýup, bir ylalaşyga gelinmegini islýändiginiň, belki, iň gowy subutnamasydyr".

Üstümizdäki hepde Ysraýylyň "Ýediot Ahronot" gazeti ady aýdylmadyk Ysraýyl resmilerine salgylanyp, Waşingtonyň Bahreýnde Eýran bilen ençeme aýlap ýaşyryn gepleşikler geçirendigini habar berdi.

Joşynyň garaýşyça, Eýran bilen Amerikanyň arasynda gepleşik bolsa, onda ol Waşingtonyň sanksiýalary ýeňletmegi, Tähranyň hem ýadro meselesinde eglişik etmegi barada bolar.

Amerika bilen beýleki günbatar ýurtlarynyň Eýrandan isleýän eglişigi – ýadro progammasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigi subut bolýança, Tähranyň Birleşen Milletler Guramasynyň talaplaryny ýerine ýetirip, ýadro işlerini togtatmagy.

Ýöne gepleşikler üçin Obamanyň wagty ol diýen çäksiz däl.

Esasy mesele Ysraýylyň Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urup-urmazlygy. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynda eden çykyşynda, Eýrany şondan geçmesiz edip, bir gyzyl çyzyk çyzdy. Tähranyň baýlaşdyrylan urany toplap 20 prosente ýetirmegine ýol berilmeli däl. Eýranyň bu derejä ýetjek wagty diýip, Netanýahu 2013-nji ýylyň ýazyny ýa tomsuny çaklady.

Synçylaryň aglabasy Netanýahunyň "gyzyl çyzygyndan" Ysraýylyň harby operasiýa geçjek wagty diýen manyny çykardylar. Ýöne Ysraýylyň Eýran barada bir taraplaýyn hereket etjekdigi belli däl.

Şotlandiýanyň St. Andrews uniwersitetinden Ali Ansarynyň garaýşyça, Ysraýyl Eýran krizisine göni garyşmakdan onuň dowam etmegine täsir ýetirmegi ileri tutar. Ansary bu meselede şeýle diýýär: "Bu barada Obama kömegi degmegi mümkin zat ysraýyllylaryň Eýran baradaky syýasatlarynda olaryň öz arasynda ylalaşyk ýoga meňzeýändigi. Nähili çemeleşmek gowy diýen sorag barada olaryň öz hatarlarynda gaty köp oňuşmazlyk bar. Biz olaryň dyzmaç tutumlara, ritorika ýykgyn edýändigini, [agzalýan hüjümi] planlaşdyrmaga ýakynlaşylýandygyny görýäris. Ýöne olar soňra özleri üçin çyzylan gyzyl çyzykdan geçmän, yza çekilip başlaýarlar".
XS
SM
MD
LG