Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Prezident Mursi dawaly kanuny ýatyrdy


Müsüriň prezidenti Mohammad Mursi öz ygtyýarlyklaryny artdyrýan kanunyny ýatyrdy. Emma, onuň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, ýurduň täze konstitusiýasynyň dawaly taslamasy boýunça referendum gaýra süýşürilmez.

Müsürde oppozisiýa kanunyň ýatyrylmagyny we konstitusiýa boýunça referendumyň yza süýşürilmegini talap edýärdi.

Mursiniň kanuny ýatyrmak baradaky netijesi, onuň ýurtdaky syýasy krizisi soňlamak üçin hödürlän “milli dialogundan” soň mälim edildi. Emma, şenbe güni geçirilen gepleşikler ýurduň käbir oppozisiýa toparlary tarapyndan boýkot edilipdi.

22-nji noýabrda prezident Mursi öz ygtyýarlyklaryny artdyrýan kanuny kabul edenden soň, ýurtda tolgunşyklar başlanypdy. Bularyň netijesinde ölenler hem boldy.

Konstitusiýanyň taslamasy baradaky referendum 15-nji dekabrda geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG