Bu ýyl sport üçin gyzgalaňly ýyl boldy, Londondaky Olimpiýa, Paralimpiýa oýunlary we Ýewro 2012 futbol çempionaty geçirildi. Bu ýerde 2012-nji ýylyň dowamynda sport dünýäsinde bolan iň uly we kesgitleýji pursatlar saýlanyp goýuldy.
2012-nji ýylyň ýatda galan esasy sport pursatlary
5
Orsýetli Mariýa Şarapowa italiýaly Sara Errani bilen ýaryşýar. Mariýa Fransiýanyň tennis boýunça aýallar arasyndaky Açyk çempionatynda ýeňiş gazandy, 9-njy iýun.
6
Pälwan öz garşydaşyny laýa çümürýär. Bu Hindistanyň milli sport görnüşi bolan we laýyň içinde geçirilýän Kuşti atly göreş üçin ýörite türgenleşik merkezinde geçýär. Nýu Deli, 13-nji iýun.
8
Portugaliýaly Kristiano Ronaldo (çepde) Ýewro 2012 futbol ýaryşynyň Çehiýa bilen çärýekfinal oýnunda Dawid Limberskä garşy hereket edýär. Warşawa, 21-nji iýun. Ronaldonyň goly 1:0 hasap bilen Portugaliýa ýeňiş getirdi.
9
Ispaniýaly Deýwid Silwa kellesi bilen birinji goly urýar. Ýewro 2012 futbol ýaryşynyň finalynda Ispaniýa 4:0 hasap bilen Italiýany ýeňdi. Kiýewiň Olimpiýa stadiony, 1-nji iýul.