Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran türkmen gazy üçin haryt bermekçi


Prezident G.Berdimuhamedow (çepde) bilen prezident M.Ahmedinejat Türkmenistanyň Döwletabat gaz ýatagynda täze gazgeçirijiniň açylyş dabarasynda. 6-njy ýanwar, 2010.
Prezident G.Berdimuhamedow (çepde) bilen prezident M.Ahmedinejat Türkmenistanyň Döwletabat gaz ýatagynda täze gazgeçirijiniň açylyş dabarasynda. 6-njy ýanwar, 2010.
Şu hepdäniň başynda Aşgabatda türkmen-eýran gaz söwdasy bilen baglanyşykly gepleşikler geçirildi. Onda Eýranyň barter görnüşinde töleg etmegi barada ylalaşyga gelnendigi habar berilýär.

Şu hepde Eýranyň nebit ministriniň orunbasary we bu ýurduň milli gaz kompaniýasynyň başlygy Jawad Owjiniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde we “Türkmengaz” Döwlet konserniniň edarasynda gepleşikler geçirdi.

Resmi maglumatda bu gepleşiklerde Eýran bilen Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada maslahat edilendigi aýdylýar.

Eýranyň “Mehr” habar agentliginiň maglumatyna görä, şu günki gün Eýran Türkmenistandan satyn alýan gazy üçin Türkmenistana 1 milliard dollar töweregi bergili.

“Mehr” habar agentligi munuň sebäbini Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalary sebäpli Eýranyň daşary ýurt banklarynyň üsti bilen töleg operasiýalaryny amala aşyryp bilmeýändigi bilen düşündirýär.

Töleg meselesi üns merkezinde

Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri Aşgabatda geçirilen bu gezekki türkmen-eýran gepleşiklerinde anyk nähili meseleleriň maslahat edilendigi barada maglumat bermeseler-de, “Trend” habar agentligi we Eýranyň “Mehr” habar agentligi bu gepleşiklerde hut töleg meselesiniň çözgütleri barada maslahat edilendigini habar berýärler.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “PressTW” atly media agentliginiň maglumatyna görä, Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde, hususan-da, Eýran tarapynyň satyn alýan gazy üçin Türkmenistana pul görnüşinde däl-de, haryt we enjamlar görnüşinde töleg etmegi barada ylalaşyga gelnipdir.

Eýranyň “PressTW” media agentligi hut şu gelnen ylalaşygyň netijesinde-de mundan beýläk Eýranyň Türkmenistandan gündelik satyn aljak 40 million kubometr gazy üçin Türkmenistana, esasan, nebit-gaz pudagynda ulanylýan enjamlary bermek arkaly barter görnüşinde töleg etjekdigini aýdýar.

Aşgabatda duşenbe we sişenbe günleri geçirilen türkmen-eýran gepleşiklerinde gelnen ylalaşyklara rus dilinde maglumat ýaýradýan “Iran News” habar agentligi-de üns beripdir. Bu habar agentligi Eýranyň Türkmenistandan satyn alýan gazy üçin mundan beýläk barter-haryt görnüşinde töleg etjekdigini tassyklaýar.

“Iran News” habar agentliginiň bu maglumatyna görä, Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Jawad Owji gaz üçin Türkmenistana beriljek senagat enjamlarynyň Eýranda öndürilen we halkara standartlaryna laýyk gelýän nebit-gaz enjamlaryndan ybarat bolar.

Gazyň möçberi artdyryljak

Ozalky ylalaşyklara görä, soňky wagtlar Türkmenistan Eýrana günde 30 million kubometr töweregi gaz akdyrýardy. Ýöne şu hepde gelnen ylalaşyga laýyklykda, gazyň gündelik möçberiniň ýakyn wagtlarda 40 million kubometre ýetiriljekdigi habar berilýär.

Ozalbaşda Türkmenistan Eýrana “Körpeje-Gurtguýy” gaz truboprowody arkaly ýylda 8 milliard kubometr gaz akdyrýardy. 2010-njy ýylyň ýanwarynda bolsa muňa goşmaça ýylda 12.5 milliard kubometr gaz geçirijilik ukyby bolan “Döwletabat-Saragt-Hangyran” gaz geçirijisi-de açyldy.

Ýöne, muňa garamazdan, ýakynda Orsýetiň käbir habar agentlikleri Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Jawad Owjiniň sözlerine salgylanmak bilen, şu ýylyň birinji ýarymynda, geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, Eýranyň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň 52% azalandygyny habar berdiler.

Emma munuň näme bilen baglanyşyklydygy barada welin anyk maglumat berilmedi.

Statistiki maglumatlara görä, özüniň tebigy gaz zapaslary boýunça Eýran Orsýetden soň dünýäde ikinji orundaky ýurt diýlip hasaplanylýar. Ýöne, muňa garamazdan, özüniň senagat pudagy hem-de ilaty üçin zerur bolan gazyny Eýran, aglaba, daşarky ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan satyn alýar.
XS
SM
MD
LG