Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana gazagystanlylaryň amnistiýasyna garaşýar


Gazagystanyň senatynyň maslahaty
Gazagystanyň senatynyň maslahaty
Bikanun serhetden geçendikleri we ýarag gaçakçylygy üçin Türkmenistanda ýyl kesilen Gazagystanyň ýedi raýatynyň amnistiýa düşüp, tussaglykdan boşadylmagyna garaşylýar. Bu barada gazak habar serişdelerinde maglumat berilýär.

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň serhet gullugynyň direktorynyň orunbasary Turganbek Stambekowyň sözlerine salgylanyp, “KazTag” habar agentligi “Türkmenistanyň kanunçylygynda ýaragly serhedi bozmaklygyň agyr jenaýat hasaplanýandygyna garamazdan, türme tussaglygyna höküm edilen Gazagystanyň raýatlarynyň amnistiýa düşürilmegine garaşylýar” diýip ýazýar.

Stambekowyň bu barada çarşenbe güni Gazagystanyň senatynyň maslahatynda aýdandygy bellenilýär.

“KazTag” habar agentliginiň maglumatynda Stambekowyň sözlerine salgylanyp, “eger-de serhedi bozan Gazagystanyň raýatlarynyň ýanlarynda ýarag bolmadyk bolan bolsa, olar şeýle uly möhlet bilen azatlykdan mahrum edimezdi” diýilýär.

Şol bir wagtyň özünde Gazagystanyň senatynyň deputaty Gani Kasymow Türkmenistanyň serhedini bozan gazagystanlylara hökümiň çykarylmagyna öz nägileligini bildirdi diýip, Gazagystanyň “Forbes” neşiri ýazýar. Şeýle hem, senatoryň Gazagystanyň raýatlarynyň tarapyny kimiň goldap çykyş etjekdigi bilen gyzyklanandygy aýdylýar.

Gazagystanyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, Gazagystanyň ýedi raýaty azaşyp, gazak-türkmen serhedini kesip geçipdirler we türkmen serhetçileri tarapyndan ele salnypdyr.

Şu ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň döwlet serhedini bozan, ýanlaryndan ýarag tapylan dört polisiýa işgäri we üç awçy türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi. Gazagystanyň bu raýatlary dekabr aýynyň başynda Türkmenbaşy şäherinde sud edildi. Sud olaryň birine sekiz ýyl, beýleki altysyna bolsa ýedi ýyl kesdi we berk režimli koloniýada türme tussaglygyna höküm etdi.
XS
SM
MD
LG