Döwrüň ösmegi bilen medeniýet, şol sanda medeniýetden edilýän talap we onuň jemgyýetdäki orny hem üýtgeýär.
Eger geçen asyryň başlarynda sazandalar, bagşylar, aýdymçylar belli-belli üýşmeleňlerde köpçülige özbaşdak hyzmat eden bolsalar, asyryň ortalarynda bu iş guramaçylykly häsiýetde bolup, döwlet ähmiýetli jemgyýetçilik işine öwrüldi.
Jemgyýete diňe bir aýdymçylar ýa sazandalar däl, medeni çäreleri gurnaýjylar hem gerek boldy. Kadrlary ýerli şertde Aşgabadyň sazçylyk uçilişesi hem Medeni aň-bilim tehnikumy taýýarlaýardy. Bu iki okuw jaýynyň kadrlary örän azdy, tutuş ýurda ýetmeýärdi.
Bu ugurdan nähilidir ýokary okuw jaýyny döretmek meselesi örän ýiti duýulýardy. Şol zerurlyk esasynda 1972-nji ýylyň tomsunda Aşgabatda Türkmen Döwlet pedagogik sungat instituty döredildi. Üstümizdäki 2012-2013-nji okuw ýylynda onuň döredilenine 40 ýyl bolýar.
Bu okuw jaýyny döretmäge bütin ömrüni bagyş eden ynsanlar hem bar. Ýazyjy Hudaýberdi Hally şu barada aşgabatly žurnalist we publisist Aşyrguly Baýryýew bilen gürrüňdeş boldy.
Şu baradaky gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň: