Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hukuk goraýjynyň saýty dikeldildi


"Türkmen Inisiatiwasy" guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin
"Türkmen Inisiatiwasy" guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin
Düýbi Awstriýanyň paýtagty Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň internet saýty gaýtadan işläp başlady. “Türkmenistanyň hronikasy” atly oppozision mazmunly bu saýt geçen ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda petiklenipdi. Habar berlişine görä, hökümete degişli bolmadyk guramanyň saýtyna öňem birnäçe sapar hüjüm edilipdir.

Ýakyn günlerde işläp başlan bu saýtyň guramaçylary onuň indi düýpden täze görnüşde işleýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň saýtyňyzyň indi täze bir görnüşde işläp başlandygy aýdylýar, onuň öňküsinden nähili tapawudy bar?

Farid Tuhbatullin: Onuň daşky görnüşi köp üýtgemedi, emma mazmuny we tehniki taraplary üýtgedildi. Saýta ençeme sapar edilen hüjümlerden soň, biz, şol ýaramaz tejribeleri nazara alyp, ony has pugtalandyrdyk. Üstesine, biz saýtyň syýasatyny üýtgetmek kararyna geldik. Biz indi diňe bir täzelikleri çap etmek bilen çäklenmeris. Biz indi analizleri çap etmek we interwýulary geçirmek bilen, saýtymyzyň informasion bölegini giňeldýäris.

Azatlyk Radiosy: “Türkmenistan hronikasy” bir aýa golaý wagtlap işlemedi. Bu saýt näme sebäpden şonça wagtlap ýapyk durdy? Onuň işläp başlamagyna näme päsgel berdi?

Farid Tuhbatullin: Biz bu sapar güýçli spesialistler bilen gatnaşykda bolduk. Olar biz üçin ýörite barlaglary geçirdiler we saýt bilen bagly köp kemçilikleri anykladylar. Biz maslahatlaşyp, şol kemçilikleri düzetdik. Şeýle-de, biz saýtymyzyň we guramamyzyň mundan beýläk etjek işleriniň strategiýasyny-da işläp düzdük.

Azatlyk Radiosy: Farid, bir aý mundan ozal saýtyňyzyň birden işlemän galmagyna näme sebäp bolupdy?

Farid Tuhbatullin: Bu hakerleriň nobatdaky hüjümi bolupdy. Hüjüm edilende, saýtda pornografiýa mazmunly suratlar peýda bolupdy, meniň adyma, şeýle-de saýtyň üstünde işleýän beýleki adamlaryň adyna ýazylan kemsidiji mazmunly maglumatlar peýda bolupdy.
XS
SM
MD
LG