Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Partlamalarda ölenleriň sany ýüzden geçdi


Pakistanyň Kwetta şäherinde 11 adamyň ölümine sebäp bolan partlama, 10-njy ýanwar, 2013 ý.
Pakistanyň Kwetta şäherinde 11 adamyň ölümine sebäp bolan partlama, 10-njy ýanwar, 2013 ý.
Pakistanda separatistik toparlaryň öz üstüne alan partlamalarynda 115 adam heläk boldy we ýene onlarça adam ýaralandy. Bu partlamalar soňky ýyllarda Pakistanda bolan iň gandöküşikli waka diýlip atlandyryldy.

Bu heläkçilikli hüjümler 10-njy ýanwarda Bulujystanyň paýtagty Kwettada amala aşyryldy.

Kwetta şäheriniň ýaşaýjysy Hair Nazar partlamalaryň aýylganç heläkçilige we weýrançylyga getirendigini aýtdy. Ol: “Musulmanlaryň musulmanlary wagşylarça partlatmagyndan has aýylganç bolup biljek başga hiç zat ýokdur” diýip belledi.

80-den gowrak adamyň wepat bolmagyna getiren yzly-yzyna edilen bu iki sany partlama şaýy musulmanlaryň ýaşaýan ýerindäki bilýard klubynyň öňünde boldy. Birinji partlamany öz janyndan geçen hüjümçi amala aşyrdy, ikinji partlama awtoulagda ýerleşdirilen bombanyň ýarylmagy netijesinde boldy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini sünnüleriň “Laşkar-e-Jangwi” atly söweşjeň topary öz üstüne aldy.

Munuň öňüsyrasynda, şol günüň özünde Kwetta şäherinde bolan ýene bir partlamada 11 adam heläk boldy. Bu partlamany “Birleşen Buluç goşuny” atly separatist etnik topar öz üstüne aldy.

Kwetta şäheriniň ýene bir ýaşaýjysy Gul Han Pakistanyň goşun ýolbaşçysy general Perwez Kaýani bu ýere goşun girizip, hüjümleriň öňüni almaly diýip pikir edýär: “Biz şeýle ýagdaýyň gaýtalanmagyny islemeýäris. Köp maşgalalar ejir çekdi”.

Hepdäniň penşenbe güni Swat jülgesiniň iň iri şäheri bolan Mingora şäheriniň golaýynda bolan bomba partlamasynda azyndan 22 adam heläk boldy we ýene onlarçasy ýaralandy. Bu hüjümiň “Talyban” hereketi tarapyndan amala aşyrylandygy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG