Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukrainadan $7 milliard talap edýär


Ukrainanyň energiýa ministri Ý.Boýko (çepde) we Orsýetiň "Gazprom" kompaniýasynyň ýolbaşçysy A.Miller (sagda), Kiýew, 27-nji iýun, 2012.
Ukrainanyň energiýa ministri Ý.Boýko (çepde) we Orsýetiň "Gazprom" kompaniýasynyň ýolbaşçysy A.Miller (sagda), Kiýew, 27-nji iýun, 2012.
Ukrainanyň “Naftogaz” nebit kompaniýasynyň wekiliniň hepdäniň duşenbe güni žurnalistlere aýtmagyna görä, “Gazprom” Kiýewiň 7 milliard dollar mukdarda pul tölemegini talap edipdir.

Olena Ýurýewanyň sözlerine görä, “Gazprom” öz beýannamasynda ukrain tarapynyň ylalaşykda göz öňünde tutulandan has az gazy satyn alandygyny aýdýar.

“Gazprom” bu maglumaty tassyklamady

Ukrainaly energiýa boýunça garaşsyz bilermen Aleksandr Narbutyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “Naftogazyň” Orsýet tarapynyň talabyny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi ýok: “Tölemek üçin puluň bolmaly. Meniň düşünişime görä, “Naftogazda” onça pul ýok. Üstesine, “Naftogazyň” maliýe ýagdaýy yzygiderli ýaramazlaşyp barýar. Aýratynam soňky üç ýylda ýagdaý şeýle”.

“Naftogazyň” “Gazprom” bilen on ýyllyk gaz ylalaşygy 2009-njy ýylda baglaşylypdy. Oňa Ukrain tarapyndan şol wagtky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko, Orsýet tarapyndan bolsa Wladimir Putin gol çekipdi.

Ýuliýa Timoşenko şol gaz ylalaşygyny baglaşanda, öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, ýedi ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi.

By ylalaşygyň baglaşylmagyna, ýewropa ýurtlarynyň basyşy itergi beripdi. Ýewropa gaz meselesi bilen baglanyşykly Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda wagtal-wagtal tutaşýan dawalaryň öz gaz üpjünçiligine ýaramaz täsir ýetirýänliginden nägile bolupdy.

“Naftogaz” bilen “Gazpromyň” arasyndaky gaz ylalaşygyna laýyklykda, Ukraina Orsýetden ýylda 33.3 milliard kubometr gaz satyn almaly. 2012-nji ýylda Ukraina Orsýetden çen bilen 25 milliard kubometr gaz satyn aldy.

Olena Ýurýewanyň aýtmagyna görä, 2012-nji ýylyň dowamynda Kiýew orsýet gazyna bolan talabynyň azalýandygyny aýdyp, bu barada Moskwany ençeme sapar habarly edipdir.

Ukrainanyň resmileri orsýet gazynyň her müň kubometrine 400 dollardan tölemegiň örän gymmatdygyny aýdyp, muňa närazylyk bildirýärler.

Geçen ýylda Ukrainanyň energiýa ministri Ýuriý Boýko Kiýewiň “Gazpromdan” diňe 26 milliard kubometr gaz satyn almakçydygyny aýdypdy. Şeýle-de Boýko Ukrainanyň Germaniýadan gaz satyn almak boýunça ylalaşandygyny, bu gazyň Orsýetiň gazyndan her müň kobometrine 40-70 dollar arzan düşjekdigini belläpdi.

“Gazpromyň” häzir Ukraindan 7 milliard dollar talap etmeginiň sebäbi düşnüksiz görünýär. Habar berlişine görä, bu nyrh Ukrainanyň ulanmadyk gazynyň möçberinden iki esse artykmaçdyr.

“Financial Times” gazetiniň maglumatynda aýdylyşyna görä, “Gazpromyň” Ukrainadan 7 milliard dollar baradaky talaby Kiýewiň Gollandiýanyň “Roýal Dutch Shell” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmagynyň öňüsyrasynda öňe sürüldi. Şertnama laýyklykda, “Roýal Dutch Shell” Ukrainada slanes gazynyň önümçiligine gatnaşar.

Ukrainada çen bilen 1.2 trillion kubometr slanes gazynyň bardygy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG