Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasat hem sungat


Belli azeri ýazyjysy Akram Alysly. Baku, 1-nji fewral, 2012.
Belli azeri ýazyjysy Akram Alysly. Baku, 1-nji fewral, 2012.
Soňky günler habar serişdeleriniň ýaýradan maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, belli azeri ýazyjysy Akram Alysly täze romany üçin häkimiýetler tarapyndan belli bir temmilere we kynçylyklara duçar boldy.

Onuň “Daş düýşler” romany Moskwada çap edilýän “Družby narodow”, ýagny “Halklaryň dostlugy” edebiýat žurnalynyň geçen ýyldaky 12-nji sanynda çap edildi.

Ýazyjy bu eserinde geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň aýagynda Azerbaýjanda ýüze çykan ermeni-azeri çaknyşyklaryny beýan edýär hem iki goňşy halkyň arasynda dörän garşylygyň ýowuzlygyny suratlandyrýar.

Bu eser Azerbaýjan milletinde iki dürli garaýşy döretdi. Bir tarapdan ol milletçilikli gahar-gazap döreden bolsa, beýleki tarapdan azerbaýjanlylaryň belli bir bölegi ony parahatçylyk ugrunda ädilen ilkinji ädim hökmünde kabul etdi.

Nähilem bolsa, Akram Aýlyslynyň “Daş düýşler” romany ýokary syýasy gatlaga ýaramaz täsir etdi. 75 ýaşly ýazyjy hormatly derejedir atlaryndan hem ýokary pensiýasyndan mahrum edildi. Onuň dürli ýyllarda çap bolan kitaplaryny oda ýakdylar.

Aslynda ýazyjy ýa-da dörediji adam bilen häkimiýetler arasyndaky çaknyşyk ähli döwürlerde we dürli halklarda bolupdyr. Biziň öz ýakyn taryhymyzda-da şeýle wakalar az bolmady.

90-njy ýyllaryň başlarynda döreden syýasy pamfletleri, has takygy, gysga goşgulary üçin türkmen şahyry Şiraly hem ýowuz yzarlamalara duçar bolupdy. Azatlyk Radiosynyň bu gezekki Medeniýet programmasynda dünýäniň dürli regionlaryna degişli käbir medeniýet we sungat täzelikleri bilen birlikde, şahyr Şiraly bilen şu ýokarda gozgalan mesele barada-da söhbet edilýär.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG