Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Hajyýew: 'Olaryň dyza çökmändigi buýsandyrýar'


Sapardurdy Hajyýew
Sapardurdy Hajyýew
Ozal hem habar berlişi ýaly, 2006-njy ýylyň tomsunda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada film döredýän fransuz žurnalistlerine kömek edenleri üçin saklanyp, ilki içalyçylykda, soň bikanun ok-ýarag saklamakda aýyplanan iki aktiwist, Sapardurdy Hajyýew bilen Annagurban Amangylyjow sud tarapyndan berlen ýedi ýyl tussaglyk möhletlerini tamamlap, azatlyga çykdy.

Bu iki aktiwist bilen bile tussag edilen we alty ýyl iş kesilen Ogulsapar Myradowa bolsa, 2006-njy ýylyň sentýabrynda türmede ýogalypdy.

Azatlyk Radiosy türmeden boşan tussaglaryň biri S.Hajyýewiň Bolgariýada ýaşaýan dogany Annadurdy Hajyýewiň bu täzelik baradaky pikirleri bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Annadurdy, halkara jemgyýetçiligi, halkara hukuk toparlary Sapardurdy Hajyýew bilen Annagurban Amangylyjowyň bikanun türme saklanýadygyny aýdyp, olaryň boşadylmagyna çagyryp geldi. Emma olar sud tarapyndan berlen tussaglyk möhletlerini doly tamamlanlaryndan soň azat edildi. Siz bu ýagdaýa öz reaksiýaňyzy, ýagny bu habary nähili garşy alandygyňyzy aýdyp bilmezmisiňiz?

Annadurdy Hajyýew: Meniň bu soraga Human Rights Watch guramasynyň başlygynyň orunbsary Reýçel Denberiň sözlerini sitirlemek bilen jogap beresim gelýär. Ol şeýle diýdi: “Elbetde, bu örän şatlykly habar. Adamlaryň türmeden çykmagy bizi gaty begendirýär. Ýöne olaryň türmede geçiren her bir sekundy elhenç bir adalatsyzlyk boldy.”

Halkara jemgyýetçiligi hakykatda ýedi ýyllap olaryň boşadylmagyny gazanjak boldy, bu ugurda uly tagalla edildi. Bilşiňiz ýaly, BMG-niň Adam hukuklary komiteti, ÝHHG, Ýewropa komissiýasy, ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu adamlaryň ykbaly bilen gyzyklandy. Emma türkmen häkimiýetleri, gynansak-da, olaryň çagyryşlarynaa gulak gabartmady. Netijede Reýçel Denberiň aýdan zady boldy, ýagny ol "bu adamlar Türkmenistanda döwlet repressiýasynyň simwoly boldy" diýdi.

Ýogsam bolmasa, Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelen uçurlarynda öňki diktaturanyň açan jenaýat işleriniň ählisine täzeden seretmelidi. Bu ýerde kyn bir zat ýokdy. Gynansak-da, Berdimuhamedow bu ýoldan gitmedi, ol özünden öň başlanan ugry dowam etdirmek kararyna geldi. Şeýdibem ol Nyýazowyň eden günälerini awtomatiki ýagdaýda öz üstüne aldy.

Men onuň näme üçin beýle edendigini, näme sebäpden bu ýoldan gidendigini bilemok, ýöne ol halkara jemgyýetçiliginiň gözüniň öňünde özi üçin hiç bir peýda gazanmady.

Azatlyk Radiosy: Annadurdy, belki siz soňky birküç günde doganyňyz Sapardurdy ýa beýleki garyndaşlaryňyz bilen habarlaşansyňyz, türmeden boşan iki aktiwistiň saglyk ýagdaýy nähili? Ýedi ýyl tussaglyk olaryň ruhy ýagdaýyna nähili täsir ýetiripdir?

Annadurdy Hajyýew: Elbetde, onça ýyl türmede bolmak adamyň saglyk ýagdaýyna güýçli täsir ýetirýär. Bilşiňiz ýaly, türkmen türmelerindäki şertler gaty berk, men muňa hatda berk hem diýmezdim, gazaply diýerdim. Ol ýerde hemişe tussaga degerli saglyk kömegi berlip durulmaýar, ýa-da olar hemişe zerur dermanlar bilen üpjün edilmeýär.

Annagurban Amangylyjow
Annagurban Amangylyjow
Olar [Sapardurdy bilen Annagurban] birnäçe hroniki keselden ejir çekýär, ýagny şol ýerde, türmede uçran kesellerinden ejir çekýärler. Ýöne garyndaşlarymyz olaryň saglygyny dikeltmek üçin elde baryny etjeklerini aýtdylar. Men olara türmäniň, ýedi ýyl tussaglygyň gaty agyr düşendigine düşünýärin. Ýöne olaryň bu ýedi ýylda ruhdan düşmändigi, dyza çökmändigi diňe bizi däl, halkara guramalaryny hem buýsandyrýar. Başda-da aýdyşym ýaly, Reýçel Denber olara “döwlet repressiýasynyň simwoly” diýdi.

Ýöne men şu ýerde ýene bir zat aýtmak isleýärin: türkmen häkimiýetleriniň akylyna aýlanmagy üçin entegem giç däl, olaryň özgerişlik geçirmegi, bikanun repressiýa sezewar edilen we henizem türmede saklanýan adamlaryň işlerine gaýtadan seretmekleri we olary azat etmekleri, özleriniň demokratik ýoldan gitmek hem-de türkmen jemgyýetini özgertmek isleglerini subut etmekleri üçin entegem giç däl.
XS
SM
MD
LG