Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da ýogalan çaga Orsýetde gahar döredýär


21-nji ýanwarda ABŞ-nyň Tehas ştatynda amerikan maşgalasynda ýogalan üç ýaşly Maks Şatto (Maksim Kuzmin)
21-nji ýanwarda ABŞ-nyň Tehas ştatynda amerikan maşgalasynda ýogalan üç ýaşly Maks Şatto (Maksim Kuzmin)

18-nji ýanwarda Orsýetiň çagalaryň hukuklary boýunça ombudsmeni amerikan raýatlary tarapyndan ogullyk alnan orsýetli çaganyň ýanwar aýynda ölendigini habar berdi. Bu habar Orsýetiň syýasy elitasynyň arasynda we döwlet habar serişdelerinde gahar-gazaply çykyşlary güýçlendirdi.

Bu partlama meňzedi. Orsýetli çaganyň Tehasda ölendigi baradaky habar orsýet syýasatçylarynyň ABŞ-nyň adyna gaharly çykyşlary etmegine sebäp boldy.

“Näme üçin biz öz çagalarymyzy ölüme ibermeli” diýip, Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Swetlana Orlowa aýtdy. Orlowa orsýetli çagalaryň amerikan raýatlaryna berilmegini gadagan edýän kanun güýjüne girmänkä makullanan işleri-de duruzmaga çagyrdy. Bu işler onlarça çaga degişli.

21-nji ýanwarda ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýogalan Maksim Kuzminiň ölüminiň sebäpleri entek belli däl. Amerikan maşgalasynda Maks Şatto adyna eýe bolan çaganyň ykbalyny Tehasyň resmileri derňeyärler.

Resmi reaksiýa

Muňa garamazdan, Orsýetiň döwlet telewideniýesiniň täzeliklerinde bu waka barada aýyplaýjy äheňde maglumat berildi.

Maglumatda üç ýaşly Maksim Kuzminiň Orsýetiň Peçorsk ýetimler oýünden amerikan maşgalasyna berlen çagadygy, ondan öň ýene bir çaganyň Dmitriý Ýakowlewiň 2008-nji ýylda ABŞ-da ýogalandygy habar berildi. Üstesine, Maksim Kuzminiň psihiki taýdan keseli bolmasa-da, oňa güýçli narkotik dermanlarynyň berlendigi döwlet telewideniýesinde habar berildi.

Resmi derejede Orsýetde Çagalaryň amerikan raýatlaryna berilmegine girizilen gadagançylygyň 2008-nji ýylda ýogalan Dima Ýakowlewiň ölümi bilen baglydygy aýdylýar. Orsýetde kabul edilen ýorite kanun “Dima Ýakowlewiň kanuny” diýip atlandyrylýar we Maksim Kuzminiň ABŞ-da ýogalan 20-nji çagadygy bellenilýär.

Orsýetiň habar seridelerinde tassyklanmadyk maglumatlaryň ençemesi peýda boldy. Orsýetiň Daşary işler ministliginiň adam hukuklar we kanunçylygyň hökmürowanlygy boýunça resmisi Konstantin Dolgow Twitterde Maksim Kuzmine uly adamlaryň ruhy kesellerini bejermek üçin ulanylýan neşeli dermanlaryň berlendigini ýazdy.

Wakanyň derňewi

Bu waka bilen baglylykda hiç kim tussag edilmedi. Amerikan metbugatyna görä, Tehasyň polisiýasy çaganyň jesediniň barlag edilmegine garaşýar.

Orsýet metbugatynyň, Orsýetiň Pskow şäheriniň ýetimler öyüne salgylanyp beren maglumatyna görä, Maksim Kuzmin ýürek keselinden ejir çekýärdi.

ABŞ Maksim Kuzminiň ölüminiň sebäpleri barada orsýet tarapyna jikme-jik maglumat berip durjagyny aýtdy. Döwlet departamenti we ýerli häkimiýetler Orsýetiň Hýustondaky konsulhanasy bilen birnäçe hepde bäri ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýarlar diýip, amerikan ilçihanasy 19-njy fewralda habar berdi.

Orsýetiň çäreleri

Orsýetiň Döwlet Dumasynyň sişenbe günki maslahaty dymyşlyk bilen başlandy. Ony Dumanyň Maşgala, aýallar we çagalar boýunça komitetiniň wekili we “Bütewi Orsýet “ partiýasynyň agzasy Olga Batalina teklip etdi.

Olga Batalina bu pajygaly wakanyň her bir adama degişlidigini belledi. Olga Batalinanyň komiteti ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Maýkl Makfoly Duma çagyrmagy planlaşdyrýar.

Pskow regionynyň gubernatory Andreý Turçak Maksim Kuzminiň inisi Kirili amerikan maşgalasyndan yzyna gaýdyp almak boýunça prosesiň başlanandygyny aýtdy.

Şeyle-de, Turçak Pskow regionynda çagalaryň amerikan maşgalalaryna berilmegine degişli bireýýäm başlanan prosesleriň durzulandygyny habar berdi.

Orsýetiň Çagalaryň hukuklary boýunça ombudsmeni Pawel Astahowyň sözlerine görä, soňky 20 ýylyň dowamynda amerikan maşgalalaryna Orsýetden 60 müňe golaý çaga ogullyk, gyzlyk berildi. Astahow şol çagalaryň köpüsi barada amerikan tarapynyň maglumat berip bilmeýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG