Neşe serişdeleriniň şer işdigini her kim bilýär. Olary durmuşymyzdan ýok etmelidigi bilenem köpler razy. Bu meselede hökümete kömek etjekler-de köpdür. Ýöne hökümet ýaşyl nasy satyp, satyn alyp, aç-açan atyp ýören adamlara çäre görmese näme?
Men nas barada gürrüň edýän hem bolsam, meseläniň özeni üýtgemez. Käbir ýurtlarda ony atmak gadagan edilýär. Eger-de ol kimdir biriniň jübüsinden tapylsa, ol adamyň sud jogapkärçiligine çekilmegi hem mümkin.
Özebegistanda bolsa nasy köçeleriň gyrasyndaky kiçi bazarlaryň islendiginden satyn alyp bolýar. Bu haryt hatda süýji-köke, sakgyç ýaly zatlar bilen deňäniňde, has kän satyn alynýar.
Adamlar uly höwes bilen pul çykaryp, plastik paketlere dolanan bu ýaşyl jisimi satyn alýarlar we agzyna atýarlar. Lukmanlar nasa endik etmegiň näderejede zyýanlydygyny subut edip, ony hat-da ýeňil narkotik serişdesi diýip atlandyrýarlar. Ýöne Özbegistanyň ilatyny bu zatlar nas atmakdan saklanok.
Dogrymy aýtsam, bu serişdäni ulanyp öz ömrüni gysgaldýanlar meni kän bir alada goýanok. Ol adamlar öz saglygyny zaýalap, çagalarynyň şikesli dogulmagyny isleýän bolsalar, baş üstüne. Öz ykbalynyň eýesi – olaryň özleri!
Resmiler
Meniň üçin täsin zat – hökümetiň, esasanam, hukuk goraýjy organlaryň özüni alyp barşy. Özbegistanda narkotik serişdelere garşy ýowuz kanunlar bar, ýöne nas hukuk goraýjylaryň ünsünden düşýär.
Nasa ne Içeri işler ministri üns berýär, ne-de – köçe patruly, bu göz-görtele. Hany bu narkotik serişdesiniň söwdasyny edýänlere garşy çäreler hem-de görkezme sud diňlenişikleri? Näme üçin nasy ulanmak we satmak kanun esasynda gadagan edilenok?
Dogrudanam, nas diýilýän zat – bu hakyky şerdir. Oňa endik eden ýaşlaryň köpüsi az wagtdan soň başga neşeleri-de ulanyp başlaýarlar.
Saglyga zyýanly
Nas atmak esasynda döreýän nikotin we psihologik endigi ony atýanlary öýken, aşgazan we dodak kesellerine duçar edip, onkologik keselhanalaryň müşderilerine öwürýär.
Iň gorkuly ýagdaý hem nas atýanlaryň şahsyýetiniň we psihikasynyň üýtgemegidir. Bu meselä hökümetiň üns bermezligi düşnüksiz. Göriplik gowy zat däl, ýöne şonda-da men türkmen goňşularymyza göriplik edýärin. Olarda 2008-nji ýyldan bäri nas diýen neşäni ýasamak, ulanmak we daşamak gadagan.
Näme üçin biz olardan erbet? Näme üçin öz halkymyzyň saglygyna, psihikasyna biparh garaýarys. Ýa bu-da ýörite edilýärmi? Aslynda gündelik nobatdaky dozany isläp duran halky dolandyrmak aňsat.
Ne erkinlik, ne hukuk, ne-de ryhy sagdynlyk gerek, diňe doza bolsa bolýar. Onuň üçin ol narkotik serişdesiniň eýesine tabyn bolmaga we oňa gul bolmaga taýyn.
Nas atmagyň ýaramaz täsirleri – gusmak, ýürek bulanma, diş keselleri, rak we beýleki keseller. Olar adamy erkin pikirlenmäge ukypsyz haýwana öwürýär. Ýerli lukmanlaryň bu tema gatnaşygy ýakymsyzlykdyr.
Näme üçin?
Ýöne näme üçin olar dymýarlar? Näme üçin köçelerde, jemgyýetçilik ýerlerinde düşündiriş işleri alnyp barlanok? Näme üçin köçede nas atyp duran adamyň ýanyna baryp, bu ýaramaz zadyň çilimi taşlamaga ýardam bermeýändigini, tersine, nekotine endigi güýçlendirýändigini düşündirmeli däl?
Lukmanlar dymýar, adamlar geçip barýar, şeýdip, ýaşap ýörüs.
Biz ýurtdaky aksakallaryň abraýy barada sesli çykyşlar edýäris, ýöne näme üçin olar ýaşlara biparh garaýarlar? Hökümet bilen ylalaşýan ikiýüzli ýaşulular näme sebäpden dymýar?
Men bu meseleler barada nas satýan bir ýaşuly bilen gürleşdim. Ýaşuly sesini çykarman durdy we ahyrsoňunda öňündäki satyp duran nas halatalaryny ýygnady.
Ýöne haçan-da men onuň ýanyndan daşlaşyp, yzyma gaňrylyp seretsem, ol nas haltajyklaryny ýene-de öňünde örüp goýupdyr. Bizde hemişe şeýle – dymýarlar we öz bilenini edýärler. Düşünip, ýagdaýy üýtgetmek – bize degişli düzgün däl…
Nasy gadagan ediji kanun çykaryp bolardy, ýöne men öz arzam bilen deputatlara ýetip bilmedim. Ýurduň parlamentiniň binasynyň töweregi berk goragly. Sakçylar meni halkyň saýlan wekiliniň ýanyna goýbermediler. Göräýmäge, deputatlaryň halkyň saglygyndan hem wajyp işleri bar ýaly.
Eger täze oturdylan agaç nahallaryna degişli ideg etmeseň, olar betgelşik agaçlar bolup öser. Biziň ýaşlarymyz barada-da şony diýse bolar. Eger olara bilim berilmese, öz saglyklaryny goramak öwredilmese we ýaramaz endiginden el çekmäge ýardam berilmese, ertir ol ýaşlar biakyl adamlar bolup ýetişer. Bu-da – biziň gelejegimiz bolar, onsoň ony beýik gelejek diýip atlandyryp bolmaz.