Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap bazarlarynda doňuz eti köpelýär


Türkmenabadyň "Gök bazarynda" doňuz eti
Türkmenabadyň "Gök bazarynda" doňuz eti
Soňky alty aýdan bäri Türkmenabadyň bazarlarynda doňuz eti satylýan nokatlaryň sany gün-günden köpelýär. Türkmenabat şäheriniň “Gök bazar” diýlip tanalýan bazarynda öň doňuz etini satýan bir-iki sany söwda nokady bolan bolsa, häzir şeýle söwda nokatlarynyň sany on töweregi.

Türkmenabadyň "Gök bazarynda" doňuz eti
Türkmenabadyň "Gök bazarynda" doňuz eti
Şol bir wagtyň özünde-de öň satylmaýan ýerlerde hem doňuz etini satýan täze söwda nokatlary peýda bolup başlady. Diňe çig et däl, doňuz etini kakadyp, bazaryň beýleki ýerlerinde satýan söwdagärleriň hem sany barha artýar.

Kakadylan doňuz ýagyny we etini satýanlaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, olaryň öz müşderilerine haryt ýetişdirip bilmeýän wagty hem bolýar. “Nähilem bolsa, kakadylan et üçin wagt gerek, çig et satanyň ýaly bolmaýar” diýip, doňuz etini satýan, özüni Myrat diýip tanadan satyjy gürrüň berýär.

Täzelik bolmasa-da...

Döňüz eti Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda, esasanam Lebabyň merkezi Türkmenabatda, öňdenem satylýar. Doňuz etine, esasanam, Türkmenistanyň etniki ruslary ýykgyn edýärler. Onsoň, etniki ruslaryň sany köp bolan beýleki şäherlerde-de, doňuz etiniň satylmagy täzelik däl.

Emma geçen birnäçe ýylyň dowamynda, aýratynam Türkmenabatda, doňuz etini satýan nokatlaryň sany göz-görtele azalypdy. Onuň sebäpleri barada takyk maglumat ýok, emma 1996-njy ýylda Saparmyrat Nyýazow tarapyndan döwlete degişli doňuz fermalarynyň hemmesiniň ýapylmalydygy baradaky kararyň çykarylmagynyň, doňuz etini satýan nokatlaryň azalmagyna sebäp bolandygyny aýdýanlar bar.

Türkmenabadyň "Gök bazarynda" doňuz eti
Türkmenabadyň "Gök bazarynda" doňuz eti
Şol karary garaşsyzlyk ýyllarynda azyk, iýmit ugrundan öňden gelýän türkmen däbine eýermegiň netijesi hökmünde suratlandyranlar hem bolupdy.

Emma halk arasyndaky gürrüňe görä, doňuz etini satýan nokatlaryň azalmagynyň ýene bir sebäbi bar, ol hem geçen ýyllarda etniki ruslaryň ýurdy köpçülikleýin terk etmegi we ilatyň belli bir gatlagynyň yslam dinine has ýykgyn etmegi bilen bagly.

Soňky aýlaryň dowamynda bolsa doňuz eti satylýan şeýle nokatlaryň gaýtadan köpelip başlamgy dürli soraglar döredýär. Käbir ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, onuň bir sebäbi ýurtda soňky aýlarda etiň bahasynyň göz-görtele gymmatlamagyndan.

Etiň bahasy geçen ýylyň soňky çärýeginde gymmatlap, sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasy 10 manatdan 20 manada çykdy. Bu gymmatçylyk henizem dowam edýär. Emma häzirki döwürde doňuz etiniň bir kilogramy bolsa 9-12 manat aralygynda.

Beýleki mallaryň etiniň gymmatlygyna galmagy hem doňuz etine bolan talaby artdyrýar. Türkmenabadyň dünýä bazarynda doňuz etiniň söwdasyny edýän Altynyň aýtmagyna görä, ol her gün ortaça 100-150 kg töweregi doňuz etini satýar.

Türkmenabadyň "Gök bazarynda" doňuz eti
Türkmenabadyň "Gök bazarynda" doňuz eti
Ýöne doňuz etiniň söwda nokatlarynyň köpelmegi doňuz etini iýmeýän käbir adamlary alada goýýar. Onuň sebäbi, doňuz eti arzan bolany üçin, naharhanalarda onuň beýleki etlere garylyp, müşderilere hödürlenýän halatlarynyň bolýandygy baradaky gürrüňler bilen bagly.

Bu ýagdaýy Altynyň berýän gürrüňleri hem belli bir derejede tassyklaýar. Onuň aýtmagyna görä, onuň müşderileriniň esasy gatlagy kafeler we naharhanalardyr. Şeýlelikde häzirki döwürde Türkmenabatda kafedir-naharhanalarda iýmitlenýän adamlaryň naharyň etiniň haýsy malyňkydygyny soraýan halatlaryna ýygy-ýygydan duş gelinýär.

Talabyň köpelmegi doňuz etini satýanlar bilen bir hatarda doňuz saklaýanlaryň hem sanynyň gitdigiçe köpelmegine sebäp bolýar. Altynyň aýtmagyna görä, ol doňuz etini Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan alyp gelýär.

Doňuzyň diňe etraplarda däl, hatda Lebabyň merkezi Türkmenabatda saklanýan ýerleriniň hem bardygy aýdylýar. Türkmenabadyň çeti bolan daça diýilýän ýeriniň ýaşaýjysy Meýlis öz goňşusynyň hem doňuz saklaýanadygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Doňuz saklaýan obalaryň bolşy ýaly, doňuz saklanmagyna garşy çykýan obalaram Lebapda az däl. 2000-nji ýyllaryň başlarynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşulularynyň doňuz saklan hojalygyň toýuna-ýasyna barmaly däl edendikleri barada hem gürrüňler peýda bolupdy.
XS
SM
MD
LG