Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi ABŞ bilen gepleşiklere garşy däldigini aýtdy


Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi Nowruzda eden cykyşynda, Tähran, 20-nji mart, 2013.
Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi Nowruzda eden cykyşynda, Tähran, 20-nji mart, 2013.

Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi özüniň ýurduň ýadro programmasy boýunça ABŞ bilen gepleşiklere garşy däldigini aýtdy. Emma ol şeýle gepleşikleriň netijeli bolup biljegine optimistik garamaýandygyny belledi. Synçylaryň pikirine görä, Hameneýiniň bu çykyşy onuň Waşington bilen gepleşikler üçin gapylary açyk galdyrmak isleýändigini aňladýar.

Tähranyň öz ýadro programmasy boýunça ABŞ bilen gepleşik geçirmegine çürt-kesik garşy durmak pozisiýasyny eýeläp gelýän Eýranyň baş lideri aýatolla Ali Hameneýi 21-nji martda eden çykyşynda ABŞ bilen göni gepleşikleriň geçirilmegine garşy däldigini aýtdy.

Hameneýi bu barada: “Men şeýle gepleşikleriň netijeli boljagyna optimizm bilen garamok, emma men muňa garşy hem däl” diýdi.

Hameneýi Eýranyň Täze ýyl baýramçylygynyň ilkinji gününde eden çykyşynda, eger ABŞ Eýrana garşy sanksiýalaryny ýatyrmasa, gepleşikleriň netijeli bolup bilmejegini ýaňzytdy.

Sanksiýalaryň täsiri

Analitikler Hameneýiniň bu çykyşynyň onuň Birleşen Ştatlar babatyndaky duşmançylykly garaýşynyň üýtgändigini aňlatmaýandygyny aýdýarlar. Emma olar sanksiýalaryň ýetirýän erbet tasirleriniň we içerki basyşlaryň Hameneýini gepleşiklere taýýarlyk görkezmäge mejbur edýändigini belleýärler.

Eýrana garşy girizilen sanksiýalar ýurduň ýadro programmasy bilen bagly. Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro prorgammasyny ýadro ýaragyny döretmek üçin alyp barýandygyny çak edýärler. Eýran bolsa muny ret edýär we öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginiň häzirki girizien sanksiýalary Eýranyň nebitiniň satyn alynmagyny gadagan edýär we maliýe pudagyna degişli. Bu bolsa halkara biznes gatnaşyklaryny kynlaşdyrýar. Şeýle-de, sanksiýalar Eýranda azyk önümleriniň gymmatlamagyna we medisina kömeginiň çäklendirilmegine sebäp bolup, ýönekeý eýranlylara erbet täsir ýetirýär.

Çykyşyň maksady

RAND atly syýasy barlaglar institutynyň Eýran boýunça bilermeni Alireza Nader Hameneýiniň ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmek isleginiň bolmagyna sübhe bildirýär. Emma bilermeniň pikirine görä, Hameneýi öz tarapdarlaryna özüniň paýhasly syýasatçydygyny görkezmek isleýär.

Alireza Nader ABŞ-nyň sanksiýalarynyň Eýranyň ykdysadyýetine erbet täsir ýetirýändigi sebäpli, Hameneýiniň ýurduň syýasy sistemasynyň çäginde güýçli basyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belledi.

Ýakyn aýlarda Eýranda ýurduň ABŞ bilen göni gepleşiklere girişip-girişmezligi barada çekeleşikli maslahatlar geçirilmeli. Ýurduň käbir resmileri şeýle gepleşikleriň geçirilmegini goldaýarlar, käbirleri garşy çykýarlar.

ABŞ Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Orsýet we Germaniýa bilen bilelikde Eýran bilen gepleşikler üçin ýörite topar döretdi. Bu toparyň indiki gepleşikleriniň 5-6-njy aprelde Almatyda geçirilmegi planlaşdyrylýar.

Hameneýi 21-nji martda Maşat şäherinde köpçüligiň öňünde eden çykyşynda amerikanlar ýadro problemasynyň çözülmegini islemeýärler diýdi. Şol bir wagtda-da Hameneýi sanksiýalaryň Eýranyň nebite garaşly ykdysadyýetine zeper ýetirýändigini tassyklady.

Eýranyň öňki diplomaty Hossein Alizadeniň pikirine görä, Hameneýiniň gepleşikleriň şowsuz boljagyny öňünden bilýändigini aýdýan hem bolsa, gepleşiklere garşy däldigini mälim etmegi, onuň öz tarapdarlarynyň öňünde öz abraýyny galdyrmak isleýändigini görkezýär.

Şeýle-de, Alizadeh Hameneýiniň çykyşynyň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Nowruzda eden çykyşyna jogapdygyny hem aýdýar. Obama ýadro krizisiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmeginiň Eýranyň halky üçin bähbitli boljagyny aýdypdy.

Hossein Alizadeh Hameneýiniň Obamanyň şol çykyşyny diňlän eýranlylaryň ünsüni özüne çekmek isleýändigini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG