Azatlyk Radiosynyň efir giňişligine we käbir beýleki regionlara degişli hepdäniň iň gowy suratlary.
Hepdäniň suratlary
5
Daýhan Donald O'Reilly Demirgazyk Irlandiýanyň Antrim etrabynda gar syrgynynda betbagtçylyga uçran goýunlaryň guzyjyklaryny gözleýär. (Reuters/Cathal McNaughton)
6
Yrakly futbol janköýerleri Bagdadyň Al-Şaab stadionynda Siriýanyň futbol komandasynyň gatnaşmagynda geçirilýän dostlukly duşuşykda milli baýdaklaryny parladýarlar. FIFA Bagdadda halkara futbol duşuşyklaryny geçirmek barada girizen gadagançylygyny ýatyryp, 2003-nji ýylda ABŞ-niň harby goşuny gireni bäri futbol oýunlaryny geçirmäge ilkinji gezek rugsat berdi. (AFP/Ahmad al-Rubaye)
7
Adamlar Siriýanyň Homs şäherinde jaýlary ýykylyp, harabaçylyga öwrülen köçeleriň birinden geçip barýarlar. (Reuters/Yazan Homsy)
8
Nikanyň diňe aýal bilen erkegiň arasynda bolmagyny goldaýanlar Waşingtondaky Ýokary suduň öňünde demonstrasiýa geçirýärler. (Reuters/Joshua Roberts)