Azatlyk Radiosynyň efir giňişligine we käbir beýleki regionlara degişli hepdäniň iň gowy suratlary.
Hepdäniň suratlary
1
Päkistanly gelinler Karaçi şäherinde geçirilýän köpçülikleýin toý dabarasyna gatnaşýarlar.110-a golaý jübütiň gatnaşýan bu toý dabarasy ýerli haýyr-sahawat edarasy tarapyndan gurnalýar. (AFP/Asif Hassan)
2
Germaniýanyň Dortmund şäherindäki haýwanat bagynda ýaşaýan Gambela atly žiraf we onuň çagasy (AFP/Berd Thissen)
3
ABŞ-niň Döwlet sekretary Jon Kerri Kabuldan Pariže barýan uçarynda özi bilen sapar edýän CBS telekanalynyň habarçysy Margaret Brennany doglan güni bilen gutlaýar. (Reuters/Jason Reed)
4
ABŞ-niň prezidenti Barak Obama Ak tamda geçirilen dabarada kellesi bilen futbol pökgisini oýnaýar. Bu dabara 2012-nji ýylyň MLS kubogynyň çempiony Los Angeles Galaxy komandasynyň we 2012-nji ýylyň Stanley kubogynyň çempiony Los Angeles Kings komandasynyň hormatyna geçirildi. (AFP/Brendan Smialowski)