Azatlyk Radiosynyň efir giňişligine we käbir beýleki regionlara degişli hepdäniň iň gowy suratlary.
Hepdäniň suratlary
21
ABŞ-niň Döwlet sekretary Jon Kerri Amerikanyň Bagdatdaky ilçihanasynda ABŞ-niň Yrakdaky deňiz harbylary bilen surata düşýär. (AFP/Jason Reed)
22
Höwesjeň gämi ussasy Aleksandr Marçenkonyň Sibiriň tokaýlyklarynyň golaýyndaky Ýeniseý derýasynda, 17-nji asyryň adaty tagta gämisine çalymdaş gämini ýasaýan pursatyndan bir surat. Marçenko boş wagtlary iki ýyldan bäri çagalykdaky arzuwlaryny durmuşa geçirmek üçin bu gäminiň üstünde işleýär. (Reuters/Ilya Naymushin)
23
Yragyň mukaddes şäheri Nejefde ýerleşýän Mehdi armiýasynyň gonamçylygynda jaýlanan adamlaryň garyndaşlary mazarlyga zyýarat edýärler. (Reuters)