Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tuhbatullin: “Töwerekleýin programma işläp düzmeli”


F.Tuhbatullin: "Bu ýerde esasy päsgelçilikleriň biri Türkmenistanda problema kän we şol problemalaryň biri-de "problema" sözüni asla agzap bolmaýandygy.
F.Tuhbatullin: "Bu ýerde esasy päsgelçilikleriň biri Türkmenistanda problema kän we şol problemalaryň biri-de "problema" sözüni asla agzap bolmaýandygy.
Şu geçen hepde Türkmenistanyň Daşoguz şäherinde Aral sebitiniň ekologik meselesine bagyşlanyp iki günlük halkara konferensiýasy gurnaldy. Şol konferensiýanyň yzy bilenem, bu welaýatda prezident G.Berdimuhamedowyň-da gatnaşmagynda uly gerimde nahal oturtmak çäresi geçirildi. Azatlyk Radiosy nahal oturtmak ýaly geçirilýän şeýle çäreleriň bu welaýatyň ekologik we tebigy durkuna ýetirýän ýa-da ýetirmegi mümkin täsirleri barada ekologiýa ugrundan bilermen Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, prezident Berdimuhamedow penşenbe güni Daşoguzda bag ekmek kampaniýasyny gatnaşdy. Bu sebitde ullakan tokaýçylygyň dörediljegi aýdylýar. Ýurduň beýleki ýerlerinde-de ençeme ýyl bäri bag ekmek kampaniýasy alnyp barylýar. Görnüşinden, bag ekmek ýurduň ekologiýasyny gowulandyrmakda esasy çäre hökmünde öňe sürilýär. Siziňçe, bu işiň netijeleri nähili?

F.Tuhbatullin: Bir tarapdan, hökümetiň daşky gurşaw meseleleri, şol sanda ekologiýa krizisinden has kän ejir çeken Daşoguz sebitiniň ekologiýasy babatda nähilem bolsa ynjalyksyzlanmagy begendirmän bilmez.

Emma beýleki tarapdan şu çemeleşme, ýagny ekologiýa problemalaryny diňe ýaş nahallary oturtmak bilen çözjek bolmak örän ýöntem. Ikinjiden, bu her ýylyň ýazynda geçirilýän müňläp agaç ekmek kampaniýasyny ýatladýar, sebäbi şol ekilen agaçlaryň köpüsi soň gurap galýar.

Biziň garaşsyzlygyň öňüsyrasynda ýurduň Tokaý hojalygynyň wekilleri bilen eden hasaplamalarymyza görä, şol ekilen agaçlar düýp tutup gidenliginde, on ýylda Garagumyň ýarysy tokaýçylyga öwrülmeli.

Emma mesele şol agaçlaryň “şunça nahal ekildi” diýip, hasabat ýazmak üçin ekilip, soň unudylýanlygynda. Häzirem şol sistema dowam edýär, ýagny müňläp agaç nahaly oturdylýar, emma olaryň köpüsi ýarym ýyldan ýa birnäçe aýdan gurap galýar.

Meniň pikirimçe, bu meselä çynlakaý çemeleşiljek bolsa, onda degişli spesialistleri çagyryp, töwerekleýin programma işläp düzmeli, çölleşmä garşy göreşde, ekologiýa ugrundaky tagallalarda has giň tejribesi bolan daşary ýurtly spesialistler çagyrylsa has-da gowy bolar.

Diňe şeýle programma esasynda işlense netije gazanyp bolar. Emma häzir köp sanly agaç ekip, ummasyz kän möçberde suw harçlap, ekologiýa zyýan ýetirilýär. Sebäbi suw bizde gaty az we örän gymmat düşýär. Başga tarapdan, paýtagtda we beýleki şäherlerde ozaldan gögerip oturan agaçlar çapylyp aýrylýar. Munuň näme üçin edilýändigi hem düşnüksiz.

Azatlyk Radiosy: Farid, siziňçe, Türkmenistanda ekologiýa meselesine has töwerekleýin we çynlakaý çemeleşmäge näme pesgel berýär we bu päsgelçiligi nädip ýeňip bolar?

F.Tuhbatullin: Meniň pikirimçe, bu ýerde esasy päsgelçilikleriň biri, gaýtalaýan, biri, sebäbi Türkmenistanda problema kän we şol problemalaryň biri «problema» sözüni asla agzap bolmaýandygy.

Problema bolsa – ekologiýa ýagdaýy. Emma ýurduň metbugatynda, telewideniýesinde haýsydyr bir meseläniň erbet tarapy barada aýdylanok-da, diňe şol “pozitiw” diýilýän ädimler, gurluşyklar, agaç nahallarynyň oturdylyşy barada gürrüň edilýär.

Eger-de problemalar hakda gürrüň edilmese, olar ýaşyrylsa, onda ýurduň ýerli ilatynda öz durmuşlaryny üýtgetmek barada isleg hem bolmaz. Şu sebäpden häkimiýetler öz ellerinde bar bolan ägirt uly serişdelerden, şol sanda maglumat-düşünje bermek mümkinçiliklerinden dogry peýdalanyp, problemalar hakda gürrüň etmeli.

Meniň pikirimçe, bu ýerde esasy zat dymmazlyk, problemalar barada mesele galdyrmak, diňe ekologiýa hakynda hem däl, şonda problemalar ýuwaş-ýuwaşdan çözülip başlanar.
XS
SM
MD
LG