Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Goýun hem-de nika


Degişme karikaturasy
Degişme karikaturasy
GOÝUN HEM-DE NIKA

Aýaly ärine:

– Nikalaşanymyza on ýyl bolýar. Goýun satyn alyp, soýsak nädýär? – diýýär.

Äri uzak mütdet oýa batyp dymýar. Soňra-da:

– Bu meselede goýun biçärede näme günä bar?! – diýipdir.

***

DEMOKRATIÝA

Gaýly gyş güni dört adam ýola düşýär. Bir mesele babatda ýolugra başlanan mesaýy gürrüň kem-kemden gyzyp, jedele ýazýar. Ýolagçylaryň üçüsiniň pikiri deň çykýar. Dördünji ýolagçy olaryň aýdýanyna garşy çykyp, öz delilini getirýär. Ýöne üç kişi onuň delillerini ret edýär. Sözi ýer kertmedik dördünji
ýolagçy halys aljyrap:

– Keremli Taňry, meniň aýdýanymyň hakdygyna özüň güwä geç! Meniň aýdýanymyň hakdygyna kepil bolup, goý, häzir howa açylyp, Gün çyksyn! – diýýär.

Mugjyza (keramat) gopýar. Ümür-duman, bulut syrylyp, lowurdap Gün çykýar. Dördünji ýolagçy:

– Indi kimiň hakykaty sözleýändigine gözüňiz ýetdimi? Meniň hakdygyma Alla güwä geçdi – diýýär.

Beýleki üç ýolagçy:

– Ýok, bu demokratiýanyň düzgün-kadasyna gabat gelmeýär. Alla bilen sen iki adam, biz bolsa üç adam. Diňe ses köplügi meseläni dogry çözýändir. Biz köplük – diýip, onuň delilini ret edipdir.

***

ÝEKSURUN

Bir ýigidiň oglanlyk arzuwy hasyl bolup, bazardan bedew at satyn alýar. Söwdasy oňan ýigit atyny bezäp- besläp, obasyna tarap ýola düşýär. Ýedi ýoluň üstünde oňa ýeksurun, ýagny içi güjükli görip kişi pete-pet gabat gelýär. Ýeksurun salamdan ozal:

– Bu eşegi nirä alyp barýaň? – diýip, sowal berýär.

Bedew atyna şek ýetirlen ýigidiň girre gahary gelýär. Ol:

– Gözüňi giňräk açyp seret! Eýsem şu eşekmi? – diýip, ýeksuruna agzyrylýar. Ýeksurun:

– A-how, gepiň anygyna ýetmän gyzyberme, men atdan soraýan – diýipdir.

***

SALLAH

Aýaly ärine:

– Goňşymyz sallah biçärä haýpym gelýär. Derdini paýlaşara hiç kim ýok – diýýär.

Äriniň dabanyna ot basylana dönýär. Ol:

– Paýlaşar ýaly sallahda näme dert bar? Bu aýdýanyň aýally erkeklere degişli – diýipdir.

***

ZÄHER

Wagtynda durmuşa çykyp bilmedik garrygyz bilen dul erkek bir edarada işleýär. Garrygyz öz söýgüsine biparh garaýan dul erkege gaharyny dile getirip, oňa:

– Sen meniň ärim bolan bolsaň, çaýyňa awy, zäher goşardym – diýýär.

Dul erkek:

– Sen meniň aýalym bolan bolsaň, şol zäherlenen çaýy höwes bilen içerdim – diýipdir.

Il içinden çöplän we toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew
XS
SM
MD
LG