Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karimowa bilen “TeliaSonera” gatnaşyklaryndaky täze deliller


Gülnara Karimowa
Gülnara Karimowa
Şwesiýanyň “TeliaSonera” atly tele-aragatnaşyk kompaniýasy bilen Özbegistanyň awtoritar lideri Yslam Karimowyň gyzynyň arasynda jenaýat gatnaşyklarynyň bardygyny delillendirýän käbir faktlar peýda boldy.

Gürrüňi gidýän dokumentler Şwesiýanyň “Missiýamyz: derňew” alty habar gepleşiginden syzyp çykdy. Bu faktlar Azatlyk Radiosy tarapyndan hem seljerildi. Olaryň anyk mazmuny çarşenbe güni Şwesiýanyň telewideniýesinde mälim ediler.

Agzalýan dokumentlerde “TeliaSonera” kompaniýasyndan howandarlyk we täze müşderiler üçin uly möçberde para-peşgeşiň soralýandygyny görmek bolýar. Şol dokumentlerde Karimowanyň öz eli bilen eden belliklerine meňzeýän ýazgylarda “TeliaSonera” kompaniýasynyň nähili tertipde tölegleri etmelidigi hem görkezilýär.

Resmi taýdan Gülnara Karimowanyň Özbegistanyň tele-radio pudagyna hiç bir dahyly ýok. Emma öňe sürülýän çaklamalara görä, Karimowa ýurda maýa ýatyrmakçy bolýan sermaýaçylar bilen maşgalanyň adyndan gepleşikleri geçirýär.

"Pajygaly netijeler"

“TeliaSonera” kompaniýasynyň işini içginden bilýän şwesiýaly tele-aragatnaşyk ekspertiniň “Missiýamyz: derňew” toparyna aýtmagyna görä, eger-de bu maglumatlar tassyklansa, onda munuň uly täsirleri bolmagy mümkin.

“Eger-de bu resminamalardaky maglumatlar dogry bolsa, onda Gülnara bilen göni aragatnaşygyň bolandygy aýdyň bolýar. Munuň ‘TeliaSonera’ üçin pajygaly netijeleri bolup biler” diýip, eskpert belledi.

Häzirki wagtda “TeliaSonera” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň işi 2007-nji ýylda Özbegistanda işläp başlamak üçin 320 million dollar para berendikleri baradaky aýyplamalar boýunça derňelýär.

Häzirki syzdyrylan faktlaryň näderejede takykdygyny beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady. Emma “Missiýamyz: derňew” gepleşiginiň we Azatlyk Radiosynyň geçiren barlaglary dokumentleriň hakykata laýyk gelýäne meňzeýändigini görkezdi.

Dokumentlerde kirilçe ýazylan bellikler Karimowanyň ozalky hatlary bilen hem ýörite ekspert tarapyndan seljerildi. Netijede soňky resminamadaky bellikleriň Karimowa degişlidigini 75% ynam bilen aýdyp bolýar.

Howandarlyk

Dokumentlerdäki maglumatlardan çen tutulsa, onda “TeliaSonera” kompaniýasy Özbegistanyň bäş sany barlag edarasyndan, şol sanda salgyt we gümrük gulluklarynyň inspektorlaryndan gorag üçin 15 million dollar para bermäge razy bolupdyr.

Syzyp çykan faktlarda “TeliaSonera” kompaniýasynyň Gülnara Karimowanyň haýyr-yhsan fondunyň geçirýän giň gerimli çärelerini hem maliýeleşdirmäge razy bolandygy nygtalýar.

“TeliaSonera” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Per-Arne Blomkwist “Missiýamyz: derňew” gepleşigine beren interwýusynda Özbegistanda howandarlyk ýa-da başga bir zat üçin para berlendigi baradaky maglumatlary inkär etdi.
XS
SM
MD
LG