Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede dillerini ýitiren Garajadagly türkmenler


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Döwlet Baýhan (çepden ikinji) we Garajadag türkmenleri jemgyýetiniň başlygy Nusret Kaýa (sagdan ikinji).
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Döwlet Baýhan (çepden ikinji) we Garajadag türkmenleri jemgyýetiniň başlygy Nusret Kaýa (sagdan ikinji).
Dürli ýurtlara ýaýran türkmenleriň ykballarynyň pursatlary hem dürli-dürli. Dünýä türkmenleriniň arasynda taryhyň gowgaly hem kynçylykly öwrümlerinde dillerini unudanlary hem bar. Meselem, Türkiýäniň Urfa welaýaty bilen bilelikde Messopotamiýa sebitinde ýaşaýan Garajadagly türkmenler munyň aýdyň mysalydyr.

Eýsem, Garajadagly türkmenleriň dillerini ýitirmegine we kürtçä meňzeýän dilde gepleşmeklerine taryhyň nähili öwrümleri sebäp boldyka? Azatlyk Radiosy olaryň başdan geçirmeleri bilen gyzyklanyp Urfa Garajadag türkmenleri jemgyýetiniň başlygy Nusret Kaýa bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Nusret Kaýa, Garajadag türkmenleri diýlende ýada kürtçe gepleşýän türkmenler düşýär diýilýär. Munyň sebäbi näme?

Nusret Kaýa: Biziň ýaşaýan ýerimiz ýagny Türkiýäniň günorta-gündogar sebiti aslynda içerki sebitlere bolan göçleriň geçelgesidir. Türkiýäniň içerki sebitlerindäki türkmenleriň ilki başda düşlän ýeri biziň bolýan günorta-gündogar sebitimizdir. Ýagny Garaja dag, Muzur daglary, Muş daglary ýaly Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky ýaýlalar aslynda Oguz-türkmen taýpalarynyň ýurt tutan ýerleridir.

Mälim boluşy ýaly Diýarbakyr taryhda dört türkmen döwletine paýtagtlyk eden bir şäherdir. 1970-nji ýyllara çenli Diýarbakyryň ilatynyň aglabasy türkmendi we türk dilinde gepleşýärdi. Gynansagam, Yragyň demirgazygynda bolan syýasy wakalar biziň ýaşaýan sebitimizde hem boldy. Biz dilimizi ýitiren hem bolsak öz türkmenligimizi ýitirmedik. Däp-dessurlarymyzy dowam etdirýäris.

Türkiýäniň içerki sebitlerinde çarwa türkmenlere "Ýörük“ diýilýär, günorta-gündogar sebitlerde bolsa "Göçer“ diýilýär. Biziň ýaşaýyş pelsepämiz siziňki bilen birmeňzeş. Ýagny biziň halkymyz türkmen, milletimiz hem türk. 1914-nji ýylda atamyň "Türk ýurdy“ atly žurnal bilen geçiren söhbetdeşliginde nygtaýşy ýaly biz hakyky Oguz-türkmen-türk. Ýöne bu sözleri kürtçe aýdyp geçipdir.

Garajadag türkmenleri. Türkiýe.
Garajadag türkmenleri. Türkiýe.

Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde jemgyýet gurluşy taýpalar görnüşinde. Şonuň üçin taýpa we ýer-ýurt atlaryna üns berseňiz, olaryň Oguz taýpalarydygyna doly göz ýetirersiňiz. Meselem, Urfanyň iň uly taýpalaryndan Garageçililer, Owşarlar, Kyrkhanlylar, Beýdililer, Badyllar, Jeritler bar.

Diýarbakyr, Wan we Şyrnak sebitlerinde hem türkmen bar. Ýagny gysgaça aýdylanda ilatyň aglabasy türkmendir, Oguz taýpalaryndandyr. Ýekeje tapawut biz kürtçe gepleşýäris. Gynansagam şeýle ýagdaý bar, ýagny Ýewfratyň Türkiýe tarapyndakylar aňry tarapdakylary hakyky kürt hasaplaýar.

Şu wagt türk hökümetiniň parahatçylyk syýasaty yglan etmegi bilen biziň üçin uly mümkinçilik döredi. Bu pursatdan gowy peýdalanmak gerekdir. Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde ok atyşlyk bes edilenine görä, içerki sebitlerdäki türkmenler şol sebitlere gelip öz dogan-garyndaşlaryna eýe çyksynlar we olar bilen gujaklaşsynlar.

Diýarbakyryň obalaryna we çaýhanalaryna, Şyrnaga, Muşa, Urfa gelsinler. Ynha, şonda bu sebitlerdäki halkyň türk milletindendigine, ýagny Oguz-türkmendigine doly göz ýetirerler.

Azatlyk Radiosy: Nusret Kaýa, ynha şu wagt biz Antalýada türkmen medeniýet çäresinde. Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerindäki kürtçe gepleşýän türkmenler bilen şu ýerde bir meňzeşlik görýäňizmi?

Nusret Kaýa: Ynha, şu wagt medeni çärä gatnaşýanlaryň ýüzlerine sereden wagtym doganoglanlarymyzy gören ýaly bolýaryn. Ençeme ýyldan bäri biziň ata-babalarymyz Türkiýäniň içerki sebitlerine göçen öz dogan-garyndaşlaryny ideýärdi, gözleýärdi. Olary tapmaklyk biziň ýaly ýaş nesillere nesip etdi.

Meselem, Türkiýäniň Kyrşehir welaýatynda ýaşaýan Garajagurt türkmenleri bar. Olar Urfadan ýagny biziň ýaşaýan ýerimizden şol ýere göçüp gelen. Edil şolar ýaly Boýnyinçeler, Garageçililer hem bar. Bu ýerde täsin bir ýagdaý ýüze çykýar. Meselem, Urfadaky Garajadagly we Garageçili türkmenleri kürtçe gepleşýärler, Kyrşäherdäkiler bolsa türkçe gepleşýärler.

Garajadag türkmenleri.Türkiýe.
Garajadag türkmenleri.Türkiýe.
Azatlyk Radiosy: Nusret Kaýa, kürtçe gepleşýän türkmenler beýleki sebitlerdäki türkçe gepleşýän öz dogan-garyndaşlary bilen tapyşandan soň ysnyşmaklyk üçin nähili tagallalar edýärler?

Nusret Kaýa: Hemme zatdan owal öz taryhymyzy öwrenmäge çalyşýarys. Ýaş nesile taryhymyzy gowy öwretmeli. Ylaýta-da, ýokary bilimli ýaşlarymyza eýe çykylmaly. Şeýlelikde Türkiýede bir türkmenleriň jebisleşmeklik herekedi başladylmaly. Esasy jebisleşmekligi biz durmuşa geçirmelidiris.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde ýaşaýan kürtçe gepleşýän türkmenler Türkmenistan hakynda näme bilýärler?

Nusret Kaýa: Aslynda gowy üns berip ele alynan halatynda biziň kürtçe diýip gepleşýän dilimiziň aglaba bölegi Türkmenistanda gürleşilýän türkmençä meňzeýär. Meselem, Türkiýäniň döwlet tele-radio gurmasynyň kanallarynda ýa-da Rož TW kanalynda gepleşilýän kürtçelere biz düşünmeýäris.

Ondan daşary täze öwredilmek islenýän kürtçä hem biz düşünemizok. Biziň gürleýän kürtçämiziň altmyş-ýetmiş bölegi aslynda türkmençedir. Gynansagam muny köp adam bilenok we bilinmegi hem islenilenok ýaly. Sebäbi şeýle hakykatlar bilinen halatynda türkmenler agzybir bolarlar we birleşerler.

Garajadag türkmenleri.Türkiýe.
Garajadag türkmenleri.Türkiýe.
Azatlyk Radiosy: Nusret Kaýa, siziň ýolbaşçylyk edýän Garajadagly türkmen jemgyýetiňiz halkyň türkmendigini bilmekligi üçin nähili işler alyp barýar?

Nusret Kaýa: Hemme zatdan ozal bir jemgyýet döredip, sebitdäki türkmenleri guramaçylykly ýagdaýa getirmäge çalyşýarys. Ýewfrat derýasynyň Türkiýe tarapyna ýaýran öz dogan-garyndaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy hasam ýaýbaňlandyrdyk. Ynha, şu wagt gatnaşýan medeni çärämiz ýaly guramaçylyk işleri hem tanyşmagymyza we ysnyşmagymyza uly mümkünçilikler döredýär.

Birnäçe hepdeden bäri öz obama gitmedim. Emma ynha şu wagt şeýle medeni çärede edil öz obama baran ýaly duýgylary başdan geçirýärin. Oguzlaryň taryhy, däp-dessurlary, adatlary, sungaty hakda giňişleýin maglumat berip, kürtçe gepleýän türkmenlerimiziň özüne hiç zatdan gorkman arkaýyn türkmen diýmekligine jemgyýet bolup kömek edýäris.
XS
SM
MD
LG