Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýa suw nireden barypdyr?


Amerikan astronawty Çarlz Gersog Aýyň üstüni öwrenýär. 1972.
Amerikan astronawty Çarlz Gersog Aýyň üstüni öwrenýär. 1972.
Biziň Gün ulgamymyzyň iň möhüm molekulasy suw bolsa gerek. Ol ýaşaýşyň diňe bir diregi däl, eýsem onuň nireden gözbaş alandygy baradaky maglumatlar Gün ulgamynyň we onuň planetalarynyň ösüş taryhyna göz ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.

Amerikan alymlary golaýda Ýerdäki suw bilen Aýdaky suwuň izotop düzümleriniň deňdigini, şol sebäpdenem olaryň bir çeşmeden gelip çykandygyny anykladylar. Mundan bolsa meteoritler suwy Ýere Aý döremezinden hem öň getiripdir diýen netije çykýar.

Çaklamalara görä, Ýerdäki suwuň bir bölegi biziň planetamyz başga bir asman jisimi bilen çaknyşyga uçranda, kosmos giňişliginde dargap gitmän, täze dörän Aýda toplanypdyr.

Aýyň döremegi baradaky aktual teoriýalarda onuň bir planetar betbagtçylygyň öňümidigi aýdylýar. Çak edilişine görä, biziň hemramyz takmynan 4,5 milliard ýyl mundan ozal şol wagtky proto-Ýeriň Marsyň ululygyndaky başga bir planeta (Teýa) bilen çakyşmagy netijesinde kosmos giňişligine sowrulan materiallaryň galyndylaryndan emele gelipdir.

Aýdaky suw – garaşylmadyk zat

Astrofizikler uzak wagtlap bu güýçdäki çaknyşykda dörän aşa ýokary temperatura netijesinde wodorod (hydrogen), şeýle hem beýleki durnuksyz elementler "gaýnap", bug bolup gidendir, onsoň, Aý dörände, ol ozalynda gurak çöllük bolup dörändir diýen pikirden ugur alýardylar. Şol sebäpden, soňky ýyllarda Aýyň üstünden suw tapylmagy bir garaşylmadyk zat boldy.

Bu suwuň çeşmesi diýip esasan Aýyň daşyndaky kislorod atomlary bilen reaksiýa girip bilýän Gün şemalynyň protonlary hasaplanylyp, bu mesele biohimiki reaksiýanyň üsti bilen çözüldi edilipdi. Ýöne “Apollon” kosmos gämisi arkaly astronawtlaryň Aýdan getiren minerallarynyň analizi Aýyň jümmüşinde-de suwuň bardygyny ýüze çykarypdy. Bular biohimiki reaksiýa netijesinde dörän suwlarmy ýa däl – bu şu wagta çenli jogapsyz galyp gelýän soragdy.

Prowidens şäherinde (Birleşen Ştatlar, Rod-Aýlend) ýerleşýän Brown uniwersitetiniň geohimiýa boýunça professory Alberto Saal bilen onuň kärdeşleri bu suwuň nireden gelip çykandygyny takyk bilmek üçin hem “Apollonyň” 15 we 17 uçuş missiýalarynyň Aýdan nusga hökmünde getiren daşlarynyň hem-de Ýerde şolar bilen deňärlik derejedäki daşlaryň izotop düzümini analizläpdirler. Izotoplar diýlip şol bir elementiň neýtron sany tapawutly atomlaryna aýdylýar.

Dürli çeşmelere degişli suwlarda wodorod bilen onuň agyr izotopy bolan deýteriý (deuterium) garyndysy mukdar taýdan üýtgeşik bolýar. Bu häsiýet bolsa suwuň "barmak yzy" ýaly bolup hyzmat edýär. Ondan suw molekulasynyň Gün sistemasynda nireden gözbaş alandygy barada netije çykaryp bolýar. Sebäbi, alymlaryň düşündirmegine görä, Günüň golaýynda dörän suwlarda ondan uzagrakda dörän suwuňkydan azrak deýteriý bolýar.

Netijeleri "Science" žurnalynyň 2013-nji ýylyň 8-nji maý sanynda ýerleşdirilen barlaglaryň görkezmegine görä, Ýeriň we Aýyň suwlarynyň izotop ülňüleri biri-birinden tapawutlananok.

Suwuň "barmak yzy"

Bu atom "barmak yzy" Hondritler diýlip atlandyrylýan aýratyn meteoritlere degişli wodorodyň "barmak yzyna" gabat gelýär. Hondritleriň mekany Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky asteroidler guşaklygy. Mundan çykarylmagy mümkin netijeleriň biri Ýeri suw bilen üpjün edeniň, ýagny Aýyň we Ýeriň suwunyň esasy çeşmesiniň şol meteoritlerdigi.

"Muny düşündirmegiň iň aňsat ýoly – güýçli çaknyşyk bolmazdan öň suwuň proto-Ýerde bolandygy. Bu suwlaryň bir bölegi bu zarbadan aman galypdyr. Biziň häzir Aýda görýänimiz şol" diýip Alberto Saal aýdýar.

Diýmek, suw, şu wagta çenli çak edilişiniň tersine, bu çaknyşykda tutuşlygyna dargap gitmän, onuň bir bölegi täze dörän Aýyň daşlarynda ýygnanyp galypdyr.

"Biziň gelen netijelerimiz ägirt uly asman jisimleri çaknyşanda örän durnuksyz elementleriň-de bütinleý dargap gitmezligi mümkin diýip çaklamaga esas döredýär" diýip, bu barlaga gatnaşan Jeýms Wan Orman (Keýs Western uniwersiteti, Kliwlend) gürrüň berýär.

Saal bilen onuň kärdeşleriniň garaýşyça, Ýerdäki suwuň 98 prosenti şular ýaly primitiw meteoritlerden gelipdir. Alymlar Gün ulgamynyň beýleki planetalarynda bar bolan suwlaryň hem uly bölegi şu çeşmäniň suwudyr diýen pikirden ugur alýarlar.

Aslynda, edilen bu açyş Aý ýaş Ýer bilen Teýanyň çaknyşmagyndan döräpdir diýýän aktual teoriýa ters gelenok. "Aý şu çaknyşykdan galan materialdan durýan bolsa, onda Teýa bilen Ýeriň suwy bir çeşmäniň suwy bolmaly" diýip, Saal düşündiriş berýär.

Alberto Saal: "Ýöne ýene bir problema bar: bu çaknyşykda dörän ýokary tepmeraturada iki asman jisiminiň suwlarynyň dargap gitmändigi häzirem syr bolup galýar. Nähili-de bolsa, bir ýol bilen Teýa bilen Ýeriň suwy tutuşlygyna bug bolup kosmosa göterilip gitmändir. Biz bu prosese näme zadyň sebäp bolandygyny entek bilemzok" diýýär.

Ylmy barlagçylaryň pikiriçe, Aý ýaly planetar hemralaryň döremegine düşünmek üçin şular ýaly prosesleriň möhüm bolmagy mümkin.

Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.

ÇEŞMELER:

http://www.sciencemag.org/content/early/2013/05/08/science.1235142
http://www.wissenschaft.de/wissenschaft/news/317112.html
http://www.scinexx.de/wissen-aktuell-16083-2013-05-10.html
http://www.pro-physik.de/details/news/4736871/Mondwasser_entspringt_selber_Quelle_wie_irdisches.html
http://www.scientificamerican.com/article.cfm?id=earth-and-moon-got-water-from-common-source
XS
SM
MD
LG