Eger-de siz duýdansyz ýagdaýda öýüňizi terk etmeli bolsaňyz, siz ýanyňyz bilen nämeleri alardyňyz? BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasy (UNHCR), 20-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä bosgunlar gününe gabatlap, ýokarky soragy dürli adamlara berdi. Şol bir wagtda, bu agyr sorag köp adamyň adaty durmuşynda duş gelýär. Merkezi Ýewropa döwletlerinde ýaşaýan bosgunlar, öýlerini terk edenlerinde, ýanlary bilen ilkinji nobatda alan zatlary barada gürrüň berýärler.
Bosgunlar güni: Ýanyňyz bilen näme alardyňyz?
5
Siriýaly bosgunlar Marýan we Ahmed ýerli toparlaryň konfliktinden gaçyp Ýemene bardylar. Marýan ýany bilen boýna atylýan ýalygyny alandygyny aýdýar. Marýan: "Men başymy örtmeli. Üstesine-de ýalygdaky nagyşlar gaty owadan" diýýär.
6
Gürjüstanly Warwara özüniň ýeke-täk doganynyň öldürilendigini eşidenden soňra, ýurtdan gaçyp çykmaly bolandygyny aýdýar. Warwara: "Iň möhüm zatmy? Eneler üçin bu soragyň jogaby aňsat. Men çagalarymy aldym. Olarsyz men hiç ýere gitmezdim".
7
Mbela Kongo döwletini 1997-nji ýylda terk etdi. Onuň ýurtdan çykmagyna adamsynyň käbir syýasy düşünjeleri sebäp bolupdyr. Ol ýany bilen milli lybasyny alandygyny aýdýar.
8
Polşadan bosgunlyk aljak bolýan Abbas: "Goşlaryňy toplajak bolup, wagtyňy ýitirmek gaty howpludy. Haçanda Somaliniň günortasyna gozgalaňçylar girende, men penjegimi alyp, gaçmaly boldum" diýýär.