Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Onlaýn sapaklar ýaýbaňlanýar


Pakistanly internet ulanyjylar, Peşawar.
Pakistanly internet ulanyjylar, Peşawar.

ABŞ-nyň ýokary mekdepleriniň professorlary tarapyndan alnyp barylýan erkin internet sapaklary barada aýdylanda, nämäni göz öňüne getirmek mümkin? Şeýle sapaklar "MOOCs", ýagny “köpçülikleýin açyk onlaýn sapaklar” diýlip atlandyrylýar. Käbirleri muny bilim ugrundan rewolýusiýa diýip hem atlandyrýarlar.

Pakistanyň Şakargarh şäheriniň we ABŞ-nyň iň gowy uniwersitetleriniň biri hasaplanýan Massaçusetsiň Tehnologiýa institutynyň arasynda 11 müň kilometrlik ýol ýatyr.

Şakargarh şäherinde ýaşaýan 25 ýaşly Halid Reza Dünýä Bankynyň öňki geňeşçisi we Massaçusetsiň Tehnologiýa institutynyň dünýä ykdysadyýeti boýunça professory tarapyndan alnyp barylýan “Global garyplyk problemasy” atly kursuna gatnaşýar.

Ol ýakynda awtobusda barýan wagtynda notbukyny çykaryp ilkinji sapaklarynyň birini edip başlanda, ýanynda oturan dostunyň muny örän geň görendigini aýdýar.

Reza özi üçin şeýle mümkinçiligiň dörejegi barada öň hiç wagt pikir etmändigini aýdýar.

Bu internet sapaklary mugt berilýär. Olardan peýdalanmak üçin diňe isleg we internetiň elýeterliligi gerek.

Halid Reza tutuş dünýä boýunça “köpçülikleýin açyk onlaýn sapaklaryndan” peýdalanýan birnäçe million adamdan diňe biri.

“MOOCs” näme?

Köp uniwersitetler onlaýn bilim bermek usulyny 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri ornaşdyrmaga synanyşyp başlapdylar. “MOOCs”, ýagny “köpçülikleýin açyk onlaýn sapaklary” bolsa diňe geçen ýylda ýaýbaňlanyp başlady. Şu günki gün bu usul bilim ugrundan iň köp diskussiýa edilýän temalaryň biridir.

ABŞ-nyň bilim tehnologiýalary boýunça topary onlarça amerikan uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda edebiýatdan fizika çenli dürli ugurlardan “köpçülikleýin açyk onlaýn sapaklaryny ” hödürleýär. Bu sapaklar wideoleksiýalary, multimedia önümlerini, testleri, forumlary we onlaýn arkaly köpçülikleýin sapaklary öz içine alýar.

Bu onlaýn kursuň netijesinde şahadatnama berilýär. ABŞ-nyň birnäçe okuw jaýlary bu şahadatnamalary kabul edip hem başladylar.

Guramaçylaryň sözlerine görä, proýekt, bilim gitdigiçe gymmatlaýarka, ýokary derejeli bilimi köpçülik üçin elýeterli etmek maksadyny göz öňünde tutýar.

"Uly açyş"

Massaçusetsiň Tehnologiýa institutynyň professory Anant Agarwal öz uniwersitetiniň Harward uniwersiteti bilen bilelikde alyp barýan programmasynyň müdiri. Bu programmanyň çäginde onlaýn görnüşinde 60-dan gowrak “köpçülikleýin açyk onlaýn sapaklary” berilýär. Anant Agarwal köpçülikleýin onlaýn sapaklaryny 500 ýyl mundan ozal hat çap edýän gural döredilen döwürden bäri bilim ugrundan edilen iň uly açyş diýip atlandyrýar.

Garaşsyz synçylaryň köpüsi-de bu köpçülikleýin onlaýn sapaklaryna uly umyt baglaýarlar.

Emma tankytçylar bu sapaklarda bilim berýänleriň we bilim alýanlaryň arasynda gönümel gatnaşyk ýok diýen ýaly käbir kemçiliklere ünsi çekýärler.

Käbirleri-de, şeýle proýektler häzir mugt bolsa-da, günleriň birinde bilim alýan studentlerden pul talap edilip başlanmagynyň ähtimaldygyny hem aradan aýyramýarlar.

Köpçülikleýin onlaýn sapaklarynyň köpçülik üçin elýeterliligini çäklendirýän ýene bir mesele dile degişli. Häzirki wagtda şeýle proýektleriň ählisi diýen ýaly iňlis dilinde berilýär.

Muňa gramazdan geçen ýylda Massaçusetsiň Tehnologiýa institutynyň we Harward uniwersitetiniň bilelikde alyp barýan programmasyna dünýäniň 192 ýurdundan bir milliondan gowrak adam gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG