Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň pikir-garaýyşlar bilen göreşýändigi aýdylýar


Gözenegiň aňyrsyndan Kremliň görnüşi
Gözenegiň aňyrsyndan Kremliň görnüşi
Orsýetde çykarylýan täze kararlar we jenaýaty agtaryş işleriň gurnalyşy barada jemgyýetiň intellektual wekilleriniň gozgaýan gürrüňlerinde Kremliň erkin pikirlere garşy göreş alyp barýandygy aýdylýar.

Orsýetde erkin pikirli bolmak häzirki günlerde kän bir oňlarlykly zat däl.

Geçen hepde, has takygy iýun aýynyň 30-nda, ýurduň prezidenti Wladimir Putiniň gol çeken kararyna laýyklykda, indi Orsýetde kimdir biriniň dini gymmatlyklaryny kemsitmeklik sud jogapkärçiligine getirip bilýär.

Sosial ulgamlarda tanamaýan adamyňy ýaňsylap, ony tankyt etmeklik onlaýn töhmet hasaplanylyp, yzy üzülmeýän bir topar düşnüksiz düşündirişler bilen adamyň jenaýata çekilmegine ýol açyp biler.

Geýler, trans we biseksuallar indiden beýläk täze çykan federal kanunçylykdaky “gomoseksual propaganda” diýlip bellenilen madda sebäpli oýlanyşykly hereket etmeli bolarlar. Şeýle düzgünler Orsýetiň başga-da birnäçe sebitlerinde kanuna girizilipdi.

Ýakyn wagtda nasistik Germaniýa garşy söweşenleri tankyt etkmeklik hem türme tussaglygyna ýa-da jübüňi uwlatjak pul jerimelerine sebäp bolup biler.

"Gorky howasy"

Soňky çykan täze kanunlar baradaky gürrüňler jemgyýetiň intellektuallarynda gorky döretdi we Ýewropa Mejlisiniň häsiýetlendirişine görä çykarylan soňky kanunlar ýurtda “umumy gorky howasyny” döretdi.

Sowet döwründe dissident bolup özge ýurtda ýaşan we häzirki döwürde adam hukuklary boýunça aktiwist Wiktor Krasin şeýle diýýär: “Geçen ýyldan bäri biz Dumanyň çykarýan we her kimi gözenekden gözledip biljek petde-petde kanunlaryna şaýat bolýarys. Ol kanunlar “bellärlikli” işleri amala aşyrdylar – indi sen häkimiýetleri ýamanlasaň ýa-da birini ýigrenseň, seni gabap bilýärler. Bu edil Sowet döwründäki Staliniň ýa-da Hruşýowyň döwrüne meňzeýär, diňe düşündürişleri başgaçarak diýäýmeseň.”

Şu hepde hökümet başyndaky “Ýedinnaýa Rossiýa” partiýasyndan Irina Ýarowaýanyň Döwlet Dumasyna girizen kanun teklibi agzalýan täze kanunçylyklara oňat mysal bolup biler.

Onuň teklip edýän kanunynyň mazmuny şeýleräk, ýagny öz resmi wezipesinden peýdalanyp, ýa-da bolmasa mediany ulanyp, anti-nasistik Germaniýa koalisiýasynyň goşunlary barada “görnetin ýalanlary” ýaýradýanlara, şeýle-de anti-nasistik koalisiýany “boş subutnamalar döredip aýyplaýanlara” 500 müň rubl möçberinde jerime tölediler we olar 5 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler. Bu täze kanun teklibi güýz aýynda ara alnyp maslahatlaşylar.

26-njy iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy agzalýan ýagdaý barada beýanat ýaýratdy. Onda şeýle diýilýär “halk köpçüligi özüni gyzyklandyrýan zatlardan habarly bolmaga we taryhy jedeller hakynda dürli garaýyşlara eýe bolmaga hukuklydyr”.

Komitet

Sowet döwründe şeýle repressiýanyň, dürli pikirlilige wa garaýyşlara edilýän basyşlaryň merkezi – KGB-di. Bu prezident Wladimir Putiniň gözegçiligindäki derňew komitetidir. Komitete häzir Aleksandr Bastrykin başlyklyk edýär.

Aprel aýynda halkara jemgyýetçiliginde hormatlanýan ykdysadyýetçi Sergeý Guriýew özüniň iş edarasy we elektron hatlary dörülensoň, Pariže gaçyp gitdi.

Guriýew baradaky derňew, ol haçan-da tussaglykdaky oligarh Mihaýil Hodorkowskä ikinji sapar günä ýöňkelmegini tankytlap, bu barada prezidentiň Adam hukuklary boýunça geňeşine öz ekspert synyny ýazansoň başlanana meňzeýär.

Şolar ýaly hasabaty ýazan beýleki ekspertleri hem Derňew Komiteti içgin barlaýar. 24-nji iýunda Bastrykiniň barlagçydyr-derňewçileri Konstitusion Kazyýetiň ozalky başlygy Tamara Morşçakowany hem-de rus konstitusiýasynyň kitapçasynyň bezeg işlerine seredýän bir adamy çagyrdylar.

“Wedomosti” gazetindäki makalasynda ykdysadyýetçi Mihail Dmitriýew ekspertleriň ýagdaýyny “öwrüm nokady” diýip häsiýetlendirdi we dürli pikirlilik syýasy hereket bilen deňleşdirilmese-de, munuň üçin indi adamlary jenaýata çekip boljakdygyny aýtdy.

Dmitriýewiň ýazmagyna görä, häzirki wagtda Orsýetdäki sosial düşünişmezlik dolandyryjy gatlak bilen intelligensiýanyň wekillerini birek-birege bütinleý gapma-garşy edip goýdy.

Adam ykbaly

Permli sungat tankytçysy Marat Gelman hem soraga çekilen intellektuallardan biri. Gelman Ural şäherini edil Ispaniýadaky Bilbao ýaly halkara medeniýet merkezine öwürmegi arzuw edýän ekeni.

Ýöne geçen hepdäniň 26-njy iýunynda ol Döwrebap sungat muzeýiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Sebäbi Gelmanyň şäheriň “Ak gijelerine” bagyşlap gurnan üç sany sergisi Moskwadaky häkimiýetlere iş bolupdyr. Sergide 2014-nji ýylda Soçide geçiriljek gyşky olimpiadalar üçin taýýarlanan emeli poster görkezilipdir. Posterde olimpiadany alamatlandyrýan tegelek şekiller jelladyň adam asýan ýüpüniň aýlanyp tegelenmegi bilen görkezilipdir.

Galyberse-de, häkimiýetler ”Ak gijeler” festiwalynyň maddy üpjünçilgini derňemegi tabşyryk beripdir. Munuň netijesinde bolsa Gelmanyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi mümkin.

Gelman Putiniň üçünji sapar Kremle geleli bäri Orsýetde intellektual howanyň düýbünden üýtgändigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, ozallar syýasy we sosial syýasat Wladislaw Surkowyň garamagynda ekeni.

Ol Kremlde orunbasar bolup, işleri gaty ussatlyk bilen alyp barýan ekeni. Gelmanyň belleýşi ýaly, Wladislaw Surkow öz gözegçiligindäki işleri gaty ussatlyk bilen alyp baryp, intellektuallaryň dürli pikirliligine oňyn çemeleşýän ekeni.

Ýöne bu ýylyň başynda Surkowy wezipeden çetleşdirip indi onuň ornuna awtoritar äheňli Wýaçeslaw Wolodin bellenipdir.

“Wolodin oýny başyndan soňuna çenli üýtgetdi. Ol şeýle diýdi: “Eger siz biziň tarapymyzda däl bolsaňyz, onda bize garşy bolýarsyňyz. Siz ýa biziň bilen bolarsyňyz ýa-da biziň duşmanymyz bolarsyňyz. Duşman bolsaňyz, edil duşmanyň gününi görersiňiz.” Bu diýmeklik, ýagny Orsýetde hemme zat iki topara bölündi.”

Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Orsýetdäki dörän gorky howasynyň düýp sebäbidir.

“Häzirki günde hemmeler, hatda hökümetiň tarapdarlary-da hökman gorkaýmaly. Bu bolsa, sen hatda režime wepalylygyňy tassykalp, ant içseňem, Putini öz jenabyň hasaplasaňam, barybir bu seniň gije rahat ýatyp biljekdigiňi aňlatmaýar” diýildigidir.
XS
SM
MD
LG