Ýakynda Köýtendag etrabynyň Garlyk posýologynda sosial maksatly binalar, umumybilim berýän orta mekdep we sport mekdebi, medeniýet öýi, çagalar bagy açyldy, hassahana, ýaşaýyş jaýlary ulanyşa berilipdi. Türkmen metbugaty şu hili çäreleri regionlarda häzirki zaman sosial-ykdysady infrastrakturany, adamlaryň durmuş derejesini düýpli gowulandyrmakda edilýän uly iş hökmünde dabaralandyrypdy. Emma muňa garamazdan, ilat Köýtendag etrabynyň ýollarynyň ýaramazlygyndan zeýrenýärler.