Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Garbanyşhana" stansiýasy

Aşgabat-Mary demir ýol liniýasynyň ugrunda ýerleşýän Duşak stansiýasy ilat arasynda “Garbanyşhana” stansiýa hökmünde tanalýar. Stansiýada ýolagçylar üçin işlekli, somsa, çişlik we başga-da birnäçe türkmen tagamlary bilen bir hatarda, öý şertlerinde taýýarlanan düýe çaly hem hödürlenýär.

Aşgabatdan otla münen ýolagçylaryň köpüsi Duşakdaky stansiýada saklanyp, çaý-çörek edinýärler. Belki-de şol sebäpdendir, otly beýleki stansiýalaryň aglabasynda 2 ýa 5 minut säginse, Duşak stansiýasynda 15 minut saklanýar.

XS
SM
MD
LG