Ýaňy ýaňylar, 2006-njy ýylyň dekabryndan öň tutuş ýurduň baş kitaby bolan "Ruhnama" ýuwaş-ýuwaşdan taryhyň çaňyna garylýana meňzeýär. Bu kitap "awtory" dünýäsini başgalandan soň hem ýedi ýyl çemesi halk boýnuna dakylan mejbury kitap hökmünde saklanmagy başardy. Ýöne ol şu ýyl mekdep okuw programmasyndan aýryldy. Emma ÝOJ-a giriş ekzameni tabşyrýan ýaşlar bu kitap boýunça ýene bir gezek synagdan geçmeli boldular. Şunuň bilen birlikde, ýene bir ýyl "Ruhnama güni" bellenilýär. Emma bu "Ruhnamanyň" uzak saklanjagyny aňlatmaýan ýaly. Sebäbi ony täze lideriň kitaplary gysyp barýana çalym edýär.
Gysylýan "Ruhnama"

1
Aşgabatdaky Milli kitaphananyň "Ruhnama" zaly, indi "Medeni köpçülikleýin bölüm" diýlip atlandyrylýar. Ozallar bu ýerde köp sanda "Ruhanama" bolan bolsa, häzir onuň diňe üç sany görnüşi ýerleşdirilipdir.

2
Milli kitaphananyň ozalky "Ruhnama", häzirki "Medeni köpçülikleýin bölüminde" prezident G.Berdimuhamedow bilen ilteşikli kitaplar dur.

3
Aşgabatdaky Milli kitaphananyň ozalky "Ruhnama" zalynda indi "Ruhanamadan" başga-da kitaplar goýulypdyr. Täze ýerleşdirilen kitaplaryň aglabasy hem häzirki prezident G.Berdimuhamedow bilen ilteşikli eserler.

4
Öňler bu ýerde "Ruhnamanyň" heýkeli durardy. Türkmenabat