Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Moskwanyň täze roly nämede?


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Köpler siriýa krizisiniň çözülmeginde Waşingtonyň we onuň günbatarly ýaranlarynyň esasy roly oýnajakdygyny çak etserler-de, garaşylmadyk ýagdaýda orta çykyp, Russiýa ýagdaýlaryň öz islegine görä özgerdilmegini gazanmaga jan etdi.

Anna güni, ýagny 13-nji sentýabrda rus prezidenti Wladimir Putin bir hepdäniň dowamynda alyp baran erjel diplomtiýasy bilen, Siriýa meselesinde Hytaýyň goldawyny gazandy. Şeýle-de Bişkekda geçirilen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde, guramanyň beýleki agzalary-da – Gazagaystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan – Moskwanyň tarapynda çykyş etdiler.

Taslama

Mundan birnäçe gün ozal Moskwa Siriýadaky himiki ýaraglaryň BMG-niň gözegçiligine geçirilmegi we olaryň ýok edilmegi boýunça taslama bilen çykyş etdi. Bu plana daýanyp, gürrüňi gidýän ýaraglaryň ýurtdaky graždanlyk urşunda ulanmak mümkinçiliklerini aradan aýyrmak maksat edinilýär.

Moskwanyň hödürlän taslamasy doly maslahat edilýänçä, prezident Barak Obama Damaska garşy edilip bilinjek çäkli harby hüjüm üçin ABŞ-nyň kanunçykaryjylarynyň razylygyny almak tagallalaryny hem togtamaly boldy.

13-nji sentýabrda Ženewada ABŞ-nyň döwlet sekretary Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşanda, Jon Kerri himiki ýaraglar babatyndaky planyň Siriýa meselesi boýunça halkara konferensiýany geçirmek tagallalaryna hem hemaýat edip biljekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Synçylaryň pikiri

Ekspertler Siriýadaky konfliktiň çözülmegi ugrunda Moskwanyň eýeleýän pozisiýasy babatynda dürli pikirleri we garaýyşlary öňe sürýärler.

Düýbi Moskwada ýerleşýän “Russiýa Halkara gatnaşyklarynda” atly neşiriň redaktory Fýodor Lýukýanowyň pikiriçe, Russiýa Waşingtonyň Owganystandaky, Yrakdaky we Liwiýadaky krizisleri harby interwensiýa arkaly çözmek usullaryny yzarlap, meseleleri çözmek üçin başga-da ýol-ýörelgeleriň bardygyny äşgär etmekçi bolýar.

Lýukýanow: “Meni geň galdyran, aslynda meni haýrana goýan ýeke zat: Russiýanyň birdenkä şeýle ajaýyp taslama bilen orta çykmagy boldy. Sebäbi bu plan ähli taraplar üçin-de bähbitlidi. Dogrusy, bu görnüşdäki taslamalary hödürlemäge [ozal] rus syýasatynyň gaýraty onçakly çatmaýardy” diýdi.

Ekspertleriň başga bir topary Moskwanyň Siriýa bilen baglanyşykly daşary syýasatyny Russiýanyň öz içindäki dörän ýagdaýlar bilen düşündirýärler. Britaniýanyň “The Economist” žurnalynyň halkara redaktory Ed Lukas häzirki ýagdaýlaryň Putiniň bähbidinedigini aýdýar.

Lukas: “Bu ýurduň içinde-de gowy. Jenap Putiniň tarapdarlary tolgunýan bolmaly. Sebäbi bu ony [Putini] “iş başarýan” kişi edip görkezýär we gaşydaşlarynyň sussuny basýar” diýip belleýär.

Rus diplomatiýasynyň dabaralanmagy bilen bir hatarda Moskwanyň öňünde indi işleriň has kyny dur. Bu hem: Siriýa krizisini çözmek. Sebäbi bu ugur boýunça häzire çenli görlen ähli diplomatiki tagallalar netijesiz galýardy.

Siriýadaky krizis indi üçünji ýyl dowam edýär. Bu ganly konfliktde häzire çenli 100 müň töweregi adam öldi.
XS
SM
MD
LG