Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Tähran baýlaşdyran uranlaryny ýurtdan çykarmaz, emma öz ýadro programmasynyň beýleki ugurlary babatda çeýelik görkezmäge taýýar diýdi.
Abbas Arakçi döwlet mediasyna “Biz baýlaşdyrmagyň möçberi, derejeleri we usullary barada gepleşik alyp bararys, emma (baýlaşdyrylan) materialy ýurtdan çykarmak Eýran üçin gyzyl çyzyk bolup durýar” diýdi.
Arakçi bu sözleri Ženewada sişenbe güni, prezident Hassan Rohani awgustda işe başlaly bäri Eýran bilen dünýä güýçleriniň arasynda ilkinji gezek geçiriljek iki günlük gepleşikleriň başlanmagynyň öňüsyrasynda aýtdy.
ABŞ, Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Orsýet goşmak Germaniýa, 5+1 döwletleri topary bilen gepleşiklere Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ýolbaşçylyk edýär.
Emma Arakçi Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton we 5+1 döwletleriniň wekilleri bilen boljak duşuşyga gatnaşýan eýran toparyna özüniň ýolbaşçylyk etjegini aýtdy. Ol Zarifiň diňe duşuşygyň açylyşyna gatnaşjakdygyny hem sözüne goşdy.
Umytlar we dowam edýän dawa
Iýunda Rohaniniň prezident saýlanmagy Eýranyň ýadro prgrammasynyň üstünde barýan on ýyllyk dawanyň gepleşikler arkaly çözülmegine bolan umydy ýokarlandyrdy. Günbatar güýçleri bu programmanyň ýadro ýaragly ýurda öwrülmek maksadyny nazarlaýandygyny güman edýärler, emma Eýran bu aýyplamalary ret edýär.
Eýran özüniň elektrik toguny öndürýän stansiýalaryna zerur proses üçin uran baýlaşdyrmak hukugynyň bardygyny tekrarlaýar. Emma ol urany has ýokary derejede, ýarag maddasyny hem öndürip bolžak ýagdaýda baýlaşdyrmak isleýär.
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Eýranyň uran baýlaşdyrmagyny togtatmagyny talap etdi we bu ýurda garşy ysmaz ediji sanksiýalary girizdi.
Aprel aýynda, Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen soňky tapgyr gepleşiklerde 5+1 döwletler topary, eger Eýran özüniň uran baýlaşdyrmak programmasyna çäklendirme girizse, sanksiýalary ýeňletmegi teklip etdi.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri ýekşenbe güni Londonda Aşton bilen duşuşyp, ýapyk gapylaryň arkasynda Eýran barada gepleşik geçirýär.
Kerri Londona Kabuldan, Aziýa töweregine eden on günlük saparynyň aýagynda geldi.