Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Demir Feliksiň" heýkeli dolanarmy?


Heýkeltaraş Ýakow Çaýka Feliks Dzeržinskiniň heýkeliniň üstünde işleýär. 1967-nji ýyl.
Heýkeltaraş Ýakow Çaýka Feliks Dzeržinskiniň heýkeliniň üstünde işleýär. 1967-nji ýyl.
Orsýetli kanunçykaryjylar “Çeka” atly gizlin gullugyň esaslandyryjysy Feliks Dzeržinskiniň heýkeliniň şäheriň merkezine göçürilmegi baradaky planlaryndan yza tesene meňzeýär.

11-nji oktýabr, anna güni, Moskwadaky Döwlet Dumasynyň ýokary wekili Andreý Metelskiý agzalýan heýkel üçin “oňaýly” ýer bolan Lubýanka skwerine onuň gaýtaryp getirlmeginiň ahmaldygyny aýdyp çykyş edensoň, dürli myş-myşlar ýaýrap başlady. Lubýanka skwerinde ozallar ”Çekanyň” sowet döwründäki mirasdüşeri KGB-niň ştab-kwartirasy ýerleşýärdi.

Paýtagtyň şäher komiteti Moskwada Dzeržinskiniň heýkelini hem öz içine alýan ýedi sany ýadygärlikler toplumyny täzeden dikeldýändiklerini mälim edensoň, Metelskiý öz teklibi bilen çykyş edipdi. Ýadygärlikleri täzeden dikeltmek işine 50 million rubl (1.5 million amerikan dollary) möçberinde pul serişdesi sarp ediler.

"Taryhy ähmiýet"

“Bütewi Orsýet” partiýasynyň agzasy Metelskiý heýkeliň “taryhy ähmiýetine” ünsi çekip, Moskwadaky häkimiýetleriň heýkeli täzeden dikeltmek üçin pul serişdesini goýandygyny aýtdy we “indi aýdylan zat durmuşa geçirilmeli” diýdi.

Onuň çykyşy ýyldyrym çaltlygynda metbugat serişdeleriniň esasy habaryna öwrülensoň, Metelskiý öz eden çykyşyna täzeden düşündiriş bermäge mejbur boldy. Ol diňe bir öz teklibini öňe sürendigini, şahsy garaýşyny beýan edendigini aýtdy we žurnalistleriň onuň sözlerini kesä çekendigini mälim etdi.

Şäher geňeşiniň metbugat wekili Wladimir Platonow jedelli gürrüňi ýatyrmak üçin çykyş etdi we parlamentiň paýtagta haýsy heýkeliň has mynasypdygyny saýlamaga haky ýok diýdi.

Sowet Soýuzy ýykylansoň Dzeržinskiniň heýkeli halkda onuň garşysyna negatiw hyjuwlary döredipdi.

Taryh

Dzeržinskiniň heýkeli aýrylýar. 23-nji awgust, 1991 ý.
Dzeržinskiniň heýkeli aýrylýar. 23-nji awgust, 1991 ý.
Dzeržinskiý 1917-nji ýylda ÇK-nyň (Adatdan daşary Komitet) düýbüni tutupdy. Gizlin gullugyň esaslandyryjysyna “demir Feliks” hem diýilýärdi. Dzeržinskiý ýurtda zulum kampaniýasynyň başyny başlap, repressiýa döwründe ýüz müňlerçe adam ÇK-nyň zulumyna çydap bilmän, aradan çykypdy. Gözi ganly ÇK-nyň zulum kampaniýasy 1917-nji ýylda bolan bolşewistik rewolýusiýasyndan soň alty ýyllap dowam edipdi.

Gürrüňi edilýän gan döküşiklik sowet diktatory Iosif Staliniň 1930-njy ýyllarda geçiren zalym repressiýasyna-da goşant goşupdy.

1991-nji ýylyň awgust aýynda Politbýuronyň wekilleri Sowet Soýuzynyň prezidenti Mihail Gorbaçýowy tagtdan agdarmaga synanyşýarlar. Başa barmadyk döwlet agdarylşygynda Dzeržinsikiniň Lubýanka skwerindäki heýkeli protestçiler tarapyndan göteriji kran bilen ýykylyp aýrylýar. Heýkeliň ýumrulmagynyň simwoliki ähmiýeti bardy, sebäbi şol sahna sowet režiminiň çökmeginiň simwoliki buşlukçysy bolup, taryhyň sahypalarynda öz ornuny alýar.

"Simwol"

Şondan bäri ors halkynyň geçmişiniň garjaşyk duýgusynyň şaýady bolan heýkeliň gaýtadan dikeldilmegini talap edýänler hem az bolmandy.

Prezident Wladimir Putiniň hut özi ors goşunyna gyzyl ýyldyzy gaýtaryp berip, şeýle-de Söwet Soýuzynyň döwlet senasynyň (gimniniň) sazynyň Russiýa Federasiýasynyň döwlet senasynyň sazy hökmünde täzeden ulanylmagyny karar edip, sowet nostalgiýasyndan lezzet alýandygyny görkezdi.

2005-nji ýylda Dzeržinskiniň döş heýkeliniň (býustunyň) Içeri işler ministrliginiň howlusynda goýulmagy tankyt edilipdi.

Ýöne Muzeonda, ýagny Moskwadaky unudylan ýadygärlikler toplumyndakysowet döwrüne degişli heýkelleriň arasynda duran Dzeržinskiniň esasy äpet heýkelini öňki ýerine gaýtaryp getirmek barada Putin heniz karar çykaranok.

Adam hukuklary boýunça aktiwist Lýudmila Alekseýewanyň aýtmagyna görä, heýkeli täzeden dikeltmek işi başa barmaz. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Bu heýkeliň täzeden dikeldilmegi baradaky myş-myşlar wagtal-wagtal peýda bolýar, ýöne men bu başa barar öýdemok. Agzalýan heýkel şol döwürde wepat bolan millionlarça bigünä bendäniň ölümine sebäp bolan edaranyň simwolydyr. Meniň pikirimçe, heýkeli täzeden dikeltmek boýunça edilýän islendik synanyşyk protestlere getirer we hiç haçan başa barmaz”.

Moskwanyň ozalky häkimi Ýuri Lužkow hem heýkeli dikeltmegiň tarapdarlarynyň hataryndady. Ýöne oppozision liberallar, hukukçylar we çekistler tarapyndan yzarlamalara sezewar bolan Orsýetiň Prawoslaw buthanasynyň ruhanylary oňa berk garşylyk görkezipdiler.

Tanktyçylaryň bellemeklerine görä Lýubýanka skwerinde Sowet Soýuzy döwründe syýasy repressiýalaryň pidalaryna bagyşlanan Solowetskiý daşy oturdylan ekeni. Solowetskiý daşy Feliks Dzeržinskiniň heýkeliniň agdarylmagyndan bir ýyl öň ol ýerde oturdylypdy.
XS
SM
MD
LG