Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Saakaşwiliniň iki dürli mirasy


 Prezident Mihail Saakaşwili, Tbilisi, 2008.
Prezident Mihail Saakaşwili, Tbilisi, 2008.
Mihail Saakaşwili tas on ýyl häkimiýet başynda bolup, gürjüstanlylar 27-nji oktýabrda täze prezident saýlanyndan soň, iş başyndan aýrylmaga taýýarlanýar.

Gürjüstanyň iş başyndan gidýän gujurly prezidenti ýaly töwereginde jedel, çekişme döreden lider beýle kän däl.

Käbirleri üçin ol «Bägül rewolýusiýasynyň» gahrymany, korrupsiýanyň köküni köwlän we Gürjüstanyň halkara at-abraýyny ýokary galdyran adam.

Başga birleri bolsa ony başga pikirlileri basyp ýatyran, garşydaşlaryny yzarlan, kiçijik kawkaz ýurduny Orsýet bilen heläkçilikli urşa iteklän awtoritar lider hasaplaýar.

Gapma-garşy pikirler

Saakaşwiliniň iki möhlet prezidentligi tamam bolup, onuň häkimiýetden çekilmäge taýýarlanaýan günlerinde hem gürjüstanlylar onuň yzynda galdyrýan mirasy hakynda düýpden gapma-garşy pikirlerde galýarlar.

Oňa korrupsiýany süpürip aýyrmak we Gürjüstany günbatar stilindäki häzirki zaman döwletine öwürmek ugrunda başlan taryhy reformalar toplumy üçin giňden hormat goýulýar.

Emma muňa garamazdan, on ýyl çemesi dowam eden dolandyryşynda yz goýan paradokslar sebäpli, onuň öz demokratik sypatlary bulaşyk görünýär.

Waşingtondaky Karnegi merkeziniň Günorta Kawkaz boýunça eksperti Tomas de Waal bu barada şeýle diýdi:

"Men bu ýerdäki tutuş problemany ýokardan modernleşdirmek hökmünde görýärin, ýagny bu iş jemgyýeti giňden çekmezden amala aşyryldy. Ol ýerde 'Biz düşünjeli, günbatarlaşdyryjy, medernleşdiriji režimi öňe sürýäris, onsoň biz mümkin bolan ähli usuly ulanarys, şol sanda, ahyrky maksada ýetmek üçin, mazaly gödek usullary hem ulanarys' diýen bir pikir bardy."

Ýaş lideriň wadalary

2003-nji ýylda ýaş Saakaşwili prezident Eduard Şewardnazäniň režimine garşy köpçülikleýin protestleriň öňüni çekende, köp adam ýurtda geçirilen parlament saýlawlary galpaşdyryldy diýip pikir edýärdi.

Onuň ýurdy sowet döwrüniň ýarym serhoş halyndan çykaryp, Günbatara tarrap ugukdurmak baradaky wadalary gürjüstanlylarda uly seslenme döretdi.

Onsoň özgerişliklere teşne halk «Bägül rewolýusiýasynyň» tolkunynda ýaş lidere arka çykyp, ony 2004-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen saýlawlarda 90 prosentden gowrak ses bilen häkimiýet başyna getirdi.

Emma şonda ony goldanlaryň köpüsi soň, şol sanda onuň ýakyn syýasy ýaranlary-da lapykeç boldy, Günbatardan ony sebitdäki demokratik özgerişligiň maýagy hökmünde taryplanlaryň hem bir toparynyň soň ondan göwni geçdi.

Saakaşwiliniň Gürjüstany häzirki zaman ýurduna öwürmek ugrundaky aýgytly göreşi garyşyk netijelere alyp geldi.

Garyşyk netijeler

Şewardnadze döwründe giň ýaýran koorupsiýanyň we býurokratiýanyň köküne palta urmagy onuň gazanan iň buýsançly üstünlikleriniň biri hasaplanýar.

Emma Saakaşwili metbugata ýowuz daramakda berk tankyt edilýär, ýogsa onuň hökümeti metbugatda töhmet atylmagyny jenaýat hasaplamasyz etdi, söz azatlygyny üpjün edýän kanuny öňe sürdi.

Saakaşwilini tankytlaýanlaryň esasy bölegi ýurduň adalat sistemasynyň düýpden reforma edilmändigini aýdýarlar.

Ýöne iş başyndan gidýän prezident Gürjüstanda köp sanly özgerişlik döreden syýasatçy hökmünde hem giňden tanalýar. Ol özgerişleriň köpüsi pozitiw hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG