Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň gelerine taýýarlyk görülýar


Türkmenabatda bir zenan prezidentiň geçjek ýoluny arassalaýar. 22-nji noýabr, 2013 ý.
Türkmenabatda bir zenan prezidentiň geçjek ýoluny arassalaýar. 22-nji noýabr, 2013 ý.
Soňky 3-4 günlükde Türkmenabadyň köçelerinde degişli edaralaryň hersi öz ugry boýunça arassalaýyş hem abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Esasanam, olar Bitarap Türkmenistan we aeroportdan çykýan Gagarin köçeleriniň ugrunda işleýärler.

Aýdylmagyna görä, 26-njy noýabrda prezident Berdimuhamedow Türkmenabada gelýär. Ol şäheriň içinde täze gurlan Bagt köşgüniň açylyşyna gatnaşar. Onuň soňky marşrutynyň bolsa Köýtendag etrabynyň täze şäherçeleri boljakdygy barada il arasynda gürrüňler bar.

Taýýarlyk işleri

Prezidentiň sapary barada resmi tassyklama ýok, emma şäherde görülýan taýyarlyklar möhüm bir şahsýyetiň geljekki saparyndan habar berýär. Bu taýýarlyk ýolbaşçynyň ulag kerweni geçjek ýollarda has göze ilip, köçäniň ugrundaky jaýlar aklanýar, köçeler oňarylýar.

Jaýlar aklanýar
Jaýlar aklanýar
Agzalýan köçeleriň ugrunda ýaşaýan ýaşaýjylardan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bu taýýarlyk çäreleri ýol gyrada ýaşaýanlar üçin aýratyn alada döredýär.

“Öý hojalyk edarasynyň işgärleri balkonyňyzdaky zatlaryňyzyň üstüni ýapyň diýip, öýme-öý aýlanyp ýörler” diýip, şol köçeleriň biriniň ugrunda ýaşaýan we adynyň agzalmagyny islemedik Türkmenabadyň ýaşaýjylaryndan biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bu taýýarlyk başagaýlygyna, esasanam, şäheriň kommunal hojalyk we ýol gurluşyk edaralarynyň işgärleriniň arasynda göz ýetirmek mümkin. Sebäbi prezidentiň gelerine sanlyja gün galdy, aklanmaly jaýlar, onarylmaly köçe diýseň köp, bu işleri amala aşyrmak bolsa agzalýan edaralaryň işgärleriniň gerdenine düşýär.

"Aýna ýaly ýollar"

Agzalýan iki edaranyň işgärleriniň käbirleri ýoly arassalamak bilen başagaý bolsa, beýlekileri ýoluň gyrasyndaky jaýlary aklamak işini alyp barýarlar. Olaryň öz sözi bilen aýdylanda, işçilere ýol aýna ýaly bolmaly diýlen tabşyryk berlipdir.

Köçelerde der dokýän şeýle işçilerden birem özüni Ýagşymyrat diýip tanadan türkmenabatly ýigit. Ol bu barada şeýle diýýär: “Biz bu tabşyrygy berjaý etmek üçin, kadaly iş sagadyndan gaty ir işe çykýarys, öýe hem gaty giç barýarys. Artykmaç işlän sagatlarymyz üçin goşmaça hak tölenmeýär”.

Prezidentiň geçmeli köçelerinde geçirilýän bu abatlaýyş işleriniň, şol uly ýollaryň daşyna o diýen täsiri ýok. Meselem, oňarylýan ýollaryň ilkinji öwrüminden 50-100 metr içgin aralaşsaň, şäheriň beýleki ýollarynyň çagşap ýatan ýerlerini görse bolsa.

Türkmenabadyň köne “3-punkt” kiçi etrapçasynyň ýaşaýjysy, 50 ýaşlaryndaky Ahmet, soňky bir näçe ýylyň dowamynda uly ýoluň ençeme gezek oňarylandygyny, emma öz etrapçasynyň köçeleriniň ýagdaýyna bolsa ýol-gurluşyk işgärleriniň üns bermeýändigini aýtdy: "Köçämizde soňky gezek bejeriş işleri geçirilen wagty takyk ýadyma düşenok, men ol wagtlar ýaş ýigitdim. Şondan bäri aradan 20 ýyl gowrak wagt geçen bolmaly".

Ahmediň gürrüňini edýän ýollary häzirki abatlanýan köçelerden, uzak bolsa 250 meterlikde ýerleşýär. Emma prezidentiň geçýän köçeleri wagtal-wagtal abatlanyp, sähelçe gyrada ýerleşýän "3-punkutuň" köçeleri bolsa indi ýylyň-ýylyna tomsuna tozanly, gyşyna bolsa palçykly, batgaly bolýar.

"Marşirowkalar"

Emma öňki ýyllardan tapawutlylykda, prezidentiň saparynyň öňüsyrasynda, onuň geçjek köçelerinde adamlaryň eline gül hem baýdak berlip, görülýän marşirowka taýýarlygy welin, bu gezek göze ilmeýär. Beýle taýýarlyklar, umuman aýdylanda, ençeme gün öňünden başlanýardy.

Ýöne prezidenti aeroportda garşylamak hemem onuň açylyşyny amala aşyrmaly Bagt köşgüniň töwereginde taýýarlyk marşirowkalary indi ençeme günden bäri dowam edýär. Oňa, esasanam, okuwçylar we talyplar gatnaşdyrylýar.

Soňky bir näçe günden bäri Türkmenabatda howa sowuk hem bulutly bolup, howanyň sowuklygy edil häzirki gün -5 gradusa barabardyr, howa agşamlaryna hasam sowaýar, marşirowkalar bolsa kähalatlarda giç agşama çenli dowam etdirilýär.
XS
SM
MD
LG