Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe: Türkmenistanly ene çagasyny satjak boldy


Türkiýe: Türkmenistanly ene çagasyny satjak boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:40 0:00

Türkiýede 22 ýaşly bir türkmen aýal maşgalasynyň öz çagasyny satmakçy bolan mahaly, polisiýa tarapyndan tussag edilendigi habar berilýär. Türkiýäniň polisiýasy boldy diýilýän şol wakany suratlandyrýan gözleg kameralarynyň şekillerini ýaýratdy. Wideoda Dinara A. diýlip atlandyrylýan bir aýal maşgalanyň 14-nji sentýabr güni öz çagasy bilen Stambulyň Sabiha Gökjen aeroportyna gelýän pursatlary görkezilýär. Mundan soňra, Germaniýada ýaşaýan bir türk maşgalasynyň onuň bilen duşuşýan şekilleri görkezilýär. Polisiýanyň maglumatyna görä, Dinara A. 1000 lira (500 amerikan dollaryna) öz çagasyny aeroportyň tualetinde galdyrmaga razy bolupdyr. Howpsuzlyk kamerlarynda Dinara A.-nyň tualete çaga bilen girýän pursady, mundan soňra-da germaniýaly maşgalanyň şol çaga bilen hajathanadan çykýan pursatlary görkezilýär. Dinara A., onuň çagasy we ejesi Türkiýeden deportasiýa edildi.

XS
SM
MD
LG