Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Türkmenleri: Gyzlaryň daşary ýurtla durmuşa çykmagynyň sebäpleri


Oglan we gyz duşuşykda.
Oglan we gyz duşuşykda.
Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli sebäplere görä, daşary ýurtlara çykan, ýurtdan çykyp daşary ýurtla durmuşa çykan türkmenistanly zenanlaryň sany sanardan köp. Olaryň arasynda türkiýelä durmuşa çykanlaryň sany agdyklyk edýär.

Onuň sebäpleri barada dürli-dürli garaýyşlar bar. Gelinleriň käbirleri “koňül ýüregi diňlemeýär” diýse, beýlekileri bolsa, problemany kabir türkmen erkekleriniň "maşgala ekläp bilmekden ejizliginde" görýärler. Elbetde erkekleriň bu pikire garaýyşlary başgaçarak.

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynyň şu günki sanynda, bu mesele bilen bir hatarda, daşary ýurtla durmuşa çykmaklygyň gowy hem hupbatly taraplary we şeýle maşgalalaryň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada söhbet edilýär.

Sizi hem gepleşigi diňlemäge hemem bu barada öz pikir garaýyşyňyzy aýtmaga çagyrýarys. Gepleşigi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG